Sepleriň elýeterliligi

“Azat Siriýa Armiýasynyň” ofisi Türkiýeden Siriýa geçirilýär


Şenbe güni Siriýanyň “Azat Siriýa Armiýasy” atly oppozision toparynyň liderleri özleriniň baş edaralaryny Türkiýeden Siriýanyň territoriýasyna geçirýändiklerini yglan etdiler.

Bu toparyň başlygy Riýad al-Asaad Siriýanyň içinde söweş alyp barýan oppozision söweşijiler bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde öz ofisleriniň Siriýanyň içindäki oppozision güýçleriň kontrollygyndaky ýerlere göçüriljekdigini aýtdy.

Ýöne “Azat Siriýa Armiýasy” atly bu oppozision toparyň baş edarasynyň Siriýanyň anyk haýsy ýerinde ýerleşjekdigi barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG