Sepleriň elýeterliligi

Liwiýaly protestçiler ekstremistleri bazadan kowup çykardylar


Şenbe güni liwiýaly protestçiler ýurduň Bengazi şäherindäki jihädçi ekstremistleriň bu şäherdäki binasyna hüjüm etdiler. Bu wakada ýüz beren ikitaraplaýyn çaknyşyklarda azyndan 10 adam öldi.

Ýerli protestçileriň müňlerçesi “Ansar al-Şaria” atly ekstremistik ýaragly toparyň ýerleşýän howlusyna girip, bu toparyň ulanýan jaýlaryny ýakdylar. Netijede, ekstremistik toparyň agzalary bu ýeri terk etmäge mejbur boldular.

“Ansar al-Şaria” atly bu toparyň metbugat sekretary öz toparynyň agzalarynyň diňe bu “şäherdäki howpsuzlygy üpjün etmek” maksady bilen Bengazidäki öz lagerlerini terk edendiklerini öňe sürdi.

Bu wakanyň yzy bilen protestçiler mundan ozal özleriniň merkezi hökümete boýun bolandygyny yglan eden başga-da bir ýaragly toparyň ýerleşýän bazasyna hüjüm edip, bazany ele aldylar.
XS
SM
MD
LG