Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň paýtagtynda Ýaşulular maslahaty geçirildi


Anna güni Aşgabatda ýurduň Ýaşulular Geňeşiniň başlygy, prezident Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Ýaşulular maslahaty geçirildi.

Aşgabadyň Maslahatlar Köşgünde geçen bu çärä ýurduň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň Ýaşulular Geňeşleriniň wekilleriniň gatnaşandyklary habar berilýär.

Bu wakanyň öňýany, 17-nji sentýabrda prezident G.Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Ýaşulular Geňeşleriniň meseleleri” baradaky täze karara gol çekipdi. Bu kararda ol halk dolandyryşynyň bu gadymy institutyny mundan beýläk-de ösdürmekligiň zerurlygyny nygtapdy.

Anna günki maslahatda-da Ýaşulular Geňeşleriniň işiniň ugruny we düzgünini kesgitleýän şu täze dokumentden gelip çykýan meseleler barada maslahat edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG