Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: “Hello, Amerika” programmasy togtadyldy


ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan goldanylýan we iňlis dilini öwretmäge gönükdirilen “Hello, Amerika” programmasy dünýäniň onlarça yurdunda hereket edýär.

ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan goldanylýan we iňlis dilini öwretmäge gönükdirilen “Hello, Amerika” programmasy dünýäniň onlarça yurdunda hereket edýär.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan goldanylýan we türkmen ýaşlaryna iňlis dilini öwretmäge gönükdirilen “Hello, Amerika” atly programmanyň golaýda öz işini togtadandygy barada maglumat alyndy.

Bu waka Türkmenistanda “Parahatçylyk korpusynyň” hem öz alyp barýan işlerini bes edýändigi baradaky habarlaryň ýzýany peýda boldy. Eýsem, “Hello, Amerika” programmasynyň öz işini togtatmagynyň sebäbi näme bilen baglanyşykly bolup biler? Azatlyk Radiosy şu mesele bilen gyzyklanyp, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň medeniýet we informasiýa boýunça wekili Braýn Stimmler bilen gysgajyk söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda “Hello, Amerika” programmasynyň ýapylmagynyň sebäbi näme?

Braýn Stimmler: Türkmen hökümeti bize tutuş ýurtda iňlis dili sapaklarynyň okadylyşy boýunça barlaglaryň geçirilýändigini aýtdy. Türkmen hökümeti onuň sebäbini iňlis dili sapaklarynyň geçirilişini düzgünleşdirmek üçin edilýär diýip düşündirdi. Häzirki wagt olar ýurtdaky ähli iňlis dili programmalarynyň okadylyşy we alnyp barylyşy boýunça barlaglary geçirýärler.

Azatlyk Radiosy: Barlaglar geçirilýän wagtynda siz öz işiňizi dowam etdirip bilmediňizmi?

Braýn Stimmler: Biz ähli programmalarymyz babatda, şol sanda, iňlis dili sapaklarymyz babatda-a türkmen hökümeti bilen ylalaşyp, ýakyndan iş alyp barýarys. Şonuň üçin, häzirki wagtda biz olaryň barlaglary geçirip gutarmagyna garaşýarys.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, barlaglar geçirilip gutarandan soň, siziň ýurda dolanyp, öz işiňizi dowam etdirip biljekdigiňize umyt bar-da, şeýlemi?

Braýn Stimmler:
Häzirlikçe bu barada doly ynam bilen hiç zat aýdyp biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Işiňizi dowam etdirmek boýunça hökümet bilen gepleşikler geçirmäge synanyşdyňyzmy?

Braýn Stimmler: Hawa, bu barada hökümet bilen gepleşikleri geçirýäris, (ýagdaýy tiz düzetmek üçin) elimizden gelenini etmäge synanyşýarys. Ýöne bu ýyl Türkmenistanda “Hello, Amerika” programmasy boýunça sapaklar geçilmez.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG