Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Senaty üç ýurda garşy “çäre görmezligi” makul bildi


Senatdaky ses berişlikde senatorlaryň 81-si bu teklibi inkär etdi we diňe 10-sy ony goldady.

Senatdaky ses berişlikde senatorlaryň 81-si bu teklibi inkär etdi we diňe 10-sy ony goldady.

Anna güni Birleşen Ştatlaryň Senaty Pakistanyň, Müsüriň we Liwiýanyň hökümetlerine ýardam berilmegini bes etmek baradaky teklibe garady we bu teklibi ret etdi.

Bu baradaky teklip ýakynda bu gürrüňi edilýän ýurtlarda Birleşen Ştatlaryň diplomatik edaralaryna edilen hüjümlerden soň Senatyň garamagyna hödürlenilipdi. Senatdaky ses berişlikde senatorlaryň 81-si bu teklibi inkär etdi we diňe 10-sy ony goldady.

Protestler baradaky alada

Soňky günler Birleşen Ştatlarda döredilen “Musulmanlaryň bigünäligi” atly film köpsanly musulman ýurtlarynda Birleşen Ştatlara garşy gahar-gazaply protest çykyşlarynyň möwç almagyna sebäp boldy.

Bu wakalaryň fonunda anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Waşingtonda Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar bilen duşuşygynda Pakistanyň hökümetiniň bu ýurtdaky Amerikan ilçihanalaryny protestçileriň hüjümlerinden goraýandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

“Men Pakistanyň hökümetine biziň Yslamabatdaky ilçihanamyzy hem-de Lahordaky, Peşawardaky we Karaçidäki konsullyklarymyzy goramak ugrunda edýän tagallalary üçin sag bolsun aýdasym gelýär. Şeýle hem, men, ozalam ençeme gezek aýdyşym ýaly, häzirki syn edýän zorluklarymyza geçirimlilik edilmejekdigini ýene bir gezek aýdyň etmek isleýärin” diýip, Hillari Klinton nygtady.

Bu wakalar bilen bir wagtda diýen ýaly, anna güni Pakistanyň häkimiýetleri ABŞ-da döredilen filme hem-de fransuz žurnalyndaky Muhammet pygamberi masgaralaýjy karikaturalara garşy protest bildirilip, ýurduň dürli şäherlerinde geçirilen köpçülikleýin protestleriň barşynda azyndan 16 adamyň ölendigini mälim etdiler.

Şakil Afridiniň meselesi-de bar

Anna güni ABŞ-nyň Senatynyň inkär eden taslamasynyň hatarynda Pakistanyň raýaty doktor Şakil Afridiniň türmeden boşadylmadyk halatynda, bu ýurduň hökümetine berilýän ýardamlary togtatmak baradaky teklip hem bardy.

Şakil Afridi ABŞ-nyň Merkezi razwedka agentliginiň islegi boýunça “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeniň DNK-sini anyklamak maksady bilen ilat arasynda toslama sanjym çäresini geçiripdir diýlip hasaplanylýar.

Maglumata görä, ol özüniň bu çäresi arkaly Osama bin Ladenin ýerleşýän howlusydyr diýlip çaklanylýan ýerde onuň hakykatdanam bardygyny anyklapdyr. Birneme soňra-da, Osama bin Laden şol howlynyň içinde öldürilipdi.

Pakistanyň sudy doktor Şakil Afridini döwlete dönüklik etmekde aýyplap, ony 33 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Birleşen Ştatlar onuň tussaglykdan boşadylmagyna aýak diräp gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG