Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýa çilim çekmeklige garşy referendum geçirýär


Ýekşenbe güni Şweýsariýada ýurduň ähli jemgyýetçilik ýerlerinde we iş ýerlerinde çilim çekmekligi gadagan etmek meselesi boýunça ähliumumy referendum geçirilýär.

Bu referendumdan öňinçä geçirilen pikir soraýyşlyklar Şweýsariýanyň ilatynyň 52 prosentiniň beýle gadagançylyga garşydygyny görkezdi. Pikir soraýyşlyga gatnaşanlaryň 41 prosenti muny goldady we 7 prosenti ikirjiňlenýändiklerini mälim etdiler.

Şweýsariýanyň häkimiýetleri häzirki referendumyň ýurtda çilime garşy kabul edilen ozalky kanuny berkitmekligi göz öňünde tutýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG