Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boks boýunça ozalky dünýä çempiony K.Sanders atylyp öldürildi


Ýekşenbe güni agyr agramlyk kategoriýada boks boýunça dünýäniň ozalky çempiony Korri Sanders Günorta Afrika Respublikasyndaky bir restoranda edilen hüjümde bu wakanyň pidasy boldy.

Maglumata görä, bu wakada 46 ýaşly boksçy Korri Sanders öz maşgala agzalary bilen restoranda otyrka, talaňçylar hüjüm edip, oňa garşy ok atypdyrlar. Wakada onuň kellesine we garnyna degen okdan ölendigi aýdylýar.

Korri Sanders 2003-nji ýylda boks boýunça dünýä çempiony Wladimir Kliçko bilen Germaniýada bäsleşende, ol duşuşgyň ikinji raundynda Wladimir Kliçkony nokaut bilen ýeňipdi.

Munuň özi şonda Wladimir Kliçkonyň öz boks karýerasynda üçülenji gezek ýeňlişi hökmünde alamatlanypdy. Korri Sanders özüniň boks karýerasyny 2008-nji ýylda tamamlapdy.
XS
SM
MD
LG