Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Müsür bilen baglaşylan şertnamany üýtgetmek islänok


Ýekşenbe güni Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Libermen öz ýurdunyň Müsür bilen 1979-njy ýylda baglaşan parahatçylyk şertnamasyna hiç hili üýtgetme girizmek niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Müsüriň ozalky diktator lideri Hosni Mübäregiň häkimiýetden gitmegi bilen, Müsüriň köp syýasatçylary, şol sanda ýurduň prezidenti Muhammad Mürsi hem iki ýurduň Sinaý ýarym adasyndaky goşunlarynyň sany barada täzeçe ylalaşyk baglaşylmagynyň zerurdygyny öňe sürüp gelýär.

Bu gürrüňi edilýän ozalky şertnama Sinaý ýarym adasyndaky Müsüriň goşunlarynyň sanyna belli bir çäklendirme girizýär.

Emma Müsüriň resmileri bu regionda bulagaýçylyklaryň artýandygyny belläp, Müsüriň özüne degişli bu territoriýa eltilmeli goşunlara çäklendirme girizmekligiň bu ýurduň özygtyýarlylygyna zeper ýetirmekdigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG