Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryna bagyşlanan çäreleri ýatyrdy


Ýekşenbe güni Hytaý özüniň Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmaklygynyň 40 ýyllygyna bagyşlanan ähli dabaraly çärelerini ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu çäreler, taryhy senä laýyklykda, 27-nji sentýabra planlaşdyrylýardy.

Hytaýyň “Ksinhua” habar agentligi bu ýurduň Hytaý-ýapon dostluk assosiasiýasynyň resmileriniň sözlerine salgylanmak bilen, iki ýurduň gatnaşyklaryna bagyşlanan çäreleriň başga bir “amatly günde” geçiriljekdigini habar bermek bilen çäklenýär.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi heniz bu maglumatlar bilen baglanyşykly hiç hili resmi beýanat ýaýratmady. Soňky günler Günorta Hytaý deňzindäki adalaryň statusy bilen baglanyşykly dawalar sebäpli Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar belli bir derejede dartgynlaşdy.
XS
SM
MD
LG