Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Haşemi Rafsanjaniniň gyzy tussaglyga höküm edildi


Ýekşenbe guni Äýranyň sudy ýurdun ozalky prezidenti Haşemi Rafsanjaninin gyzy Faezah Haşemini alty aý türme tussaglygyna höküm etdi. Sud ony döwlete garşy propoganda ýaýratmakda günäli tapdy.

Ozalbaşda Faezah Haşemi şu ýylyň başynda tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ýöne Haşemi Rafsanjaniniň bu işe goşulyşmagy netijesinde, ol azatlykda galypdy.

Eýranyň polisiýasy Faezah Haşemini şenbe güni ýene gaýtadan tussag etdi we ýekşenbe güni sud ony gaýtadan türme tussaglygyna höküm etdi.

Faezah Haşemi mundan ozal parlamentiň deputaty bolupdy we aýal-gyzlaryň sport Federasiýasyna ýolbaşçylyk edipdi.

Eýranyň sudy öz höküminde oňa azatlyga çykandan soň hem bäş ýylyň dowamynda syýasat, medeniýet we žurnalistika bilen baglanyşykly işler bilen meşgullanmaklygy gadagan etdi.
XS
SM
MD
LG