Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: Hökümet ministriň beýanatyna dahylsyzdygyny aýdýar


ABŞ-da döredilern “Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme garşy protestler Pakistanda indi iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýär. Karaçi, 20-nji sentýabr, 2012.

ABŞ-da döredilern “Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme garşy protestler Pakistanda indi iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýär. Karaçi, 20-nji sentýabr, 2012.

Ýekşenbe güni Pakistanyň premýer-ministri “Musulmanlaryň bigünäligi” atly film boýunça Pakistanyň bir ministriniň şenbe günki eden beýanatynyň hökümete degişli däldigini mälim etdi.

Şenbe güni Pakistanyň demirýol ministri Gulam Ahmed Bilour Amerikada döredilen bu filmiň režissýoryny öldüren adama öz kisesinden 100 müň dollar sylag berjekdigini aýdyp, çykyş edipdi.

“Men şu gün mukaddes pygambere şek ýetirijini kimdir-biri öldürse, şol adama 100 müň dollar sylag berjekdigimi yglan edýärin” diýip, Pakistanyň ministri Gulam Ahmed Bilour Peşawar şäherinde eden çykyşynda yglan etdi.

Jenap Bilour özüniň bu çykyşynda talybanlary we “Al-Kaýdany” hem bu “mukaddes işe” gatnaşmaklyga çagyrdy.

Pakistanyň demirýol ministri Gulam Ahmed Bilour “pygambere şek ýetirýän adamlar babatynda ýurtlaryň kanun kabul etmelidiklerini” aýtdy we şeýle kanunlaryň kabul edilmedik halatynda, ýagdaýyň geljekde örän howply boljakdygyny nygtady.

Gulam Ahmed Bilouryň agzalykda durýan Awami Milli partiýasy Pakistanyň dolandyryjy koalisiýasynyň-da düzümine girýär. Awami Milli partiýasy jenap Bilouryň eden bu beýanatynyň partiýanyň syýasaty däl-de, eýsem ministriň öz şahsy pozisiýasydygyny mälim etdi.

Bu wakanyň yzy bilen, Pakistanyň premýer-ministriniň metbugat sekretary Şafkat Jalil hem ýekşenbe güni “Frans-Press” habar agentligine beren interwýusynda ministriň eden bu beýanatynyň “hökümetiň syýasaty däldigini” aýtdy.

Soňky iki hepdä golaý wagt bäri Pakistanda bu filme garşy dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda azyndan 23 adam öldi.
XS
SM
MD
LG