Sepleriň elýeterliligi

Freedom House: “Internet repressiýasy köpelýär”


"Azatlyk öýi" guramasynyň Internet azatlygy proýektiniň direktory Sanýa Kelli.

"Azatlyk öýi" guramasynyň Internet azatlygy proýektiniň direktory Sanýa Kelli.

Internet azatlygyna edilýän hüjümler gitdigiçe köpelýär we repressiw hökümetleriň bu ugurda ulanýan gurallarynyň barha çylşyrymlaşýandygy görünýär.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Azatlyk öýi” guramasy dünýäniň 47 ýurdunda, 2011-nji ýylyň ýanwaryndan 2012-nji ýylyň maýyna çenli aralykda geçiren barlaglary esasynda, "2012-nji ýylda internet azatlygy" atly täze hasabatyny çap etdi.

Hasabatyň direktory Sanýa Kelli repressiw hökümetleriň islenmeýän materiallary elekden geçirmek, böwetlemek ýa-da tanymal internet şahsyýetlerini türmä basmak ýaly “öňden gelýän” usullarynyň üstüne has çylşyrymly emelleriň goşulýandygyny aýdýar.

Ol, internet maglumatlaryny kontrolda saklamagyň bir usuly hökmünde, “internet mazmunynda aktiw manipulýasiýanyň we bikanun gözegçiligiň güýçlenendigini” belledi.

Ýaýraýan taktikalar

Hasabatda syn edilen ýurtlaryň bir çärýeginden gowragy oppozisiýany biabraý etmek, ýalňyş maglumat ýaýratmak ýa-da döwletiň resmi liniýasyny goldamak üçin pul tölenen, hökümete tarapdar bloggerleri ulanypdyrlar. “Azatlyk öýi” bu taktikalar ozal esasan Orsýet we Hytaý tarapyndan ulanylan bolsa, indi Belarus, Ukraina, Eýran we beýleki ýurtlar tarapyndan hem ulanylýar diýýär.

“Azatlyk öýi” hökümet tankytçylaryna garşy edilýän elektron hüjümleriň ýa-da başga biri bolan bolup, internet aktiwistlerini biabraý etmegiň hem has köpelýändigini we bu ýagdaýyň Bahreýinden Birma, Gazagystandan Siriýa hem-de Özbegiatandan Zimbabwä çenli bir topar ýurdy öz içine alýandygyny aýdýar.

"Internet azatlygy" hasabaty prezident Wladimir Putiniň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň, blogger Alekseý Nawalniniň oppozisiýasyny gowşatmak üçin, internetde bir shema döredip, oňa 300 müň dollardan gowrak maýa ýatyrmak plany barada rus metbugatynda ýazylýan zatlara ünsi çekýär.

"Diňe özüňe däl, maşgalaňa-da zyýan"

Orsýetde internet degişlilikde bir açyk meýdan hasaplanýan hem bolsa, Kelli häkimiýetleriň ýakynda bolan we internet arkaly guralan protest tolkunlaryna jogap edip, öz hüjümlerini ýaýbaňlandyrandyklaryny aýdýar.

"Haçanda ýurt içindäki adamlar bilen gürleşemizde, biz olardan regionlarda häkimiýetleriň ‘internetde çykyş etmäňi bes et, ýogsa diňe özüňe däl, maşgalaňa-da zyýan ýetirersiň’ diýip, ýerli derejede telefon etmeleriniň köpelendigini eşidýäris" diýip, Kelli aýtdy.

“Azatlyk öýi” gözegçiligiň hem dürli görnüşleriniň köpelendigini, şol sanda Gazagystanda, Siriýada we Saud Arabystanynda internet ulanyjynyň nämälimligini çäklendirýän täze düzgünleriň girizilendigini habar berýär.

"2012-nji ýylda internet azatlygy" syn edilen ýurtlaryň ýarpa golaýynyň gözegçilik döwründe kabul eden täze kanunlary internetde söz azatlygyny çäklendirip biler diýýär.

Fiziki hüjümler

Şeýle-de hasabatda Merkezi Aziýada we Orta Gündogarda bloggerlere hem raýat žurnalistlerine garşy edilýän fiziki hüjümleriň, käte ölüme getirýän çemeleşmeleriň köpelýändigi bellenýär.

Umuman, Eýran, Kuba, Hytaý we Siriýa internet azatlygynyň iň pes ýurtlarynyň sanawyna, Özbegistan, Belarus, Pakistan “azat däl” ýurtlar toparyna girýär. Estoniýa, Birleşen Ştatlar we Germaniýa internetiň iň azat ýurtlary diýen bahany aldy.

Azerbaýjan, Liwiýa, Pakistan we Orsýet gelýän aýlarda internet azatlygynyň has ýaramazlaşyp biljek ýurtlarynyň arasynda agzalýar.

Tersin tendensiýalara garamazdan, "Azatlyk öýi" raýat jemgyýeti we tehnologiýa kampaniýalary tarapyndan çäklendirmelere garşylygyň güýçlenendigini we syn edilen ýurtlaryň ýarysyndan “ýeňiş” habarynyň berlendigini aýdýar. Mysal üçin, Pakistanda milli gorag diwary baradaky teklipler raýat jemgyýetiniň protestinden soň yza çekilmeli boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG