Sepleriň elýeterliligi

Futbol ýaryşy gyzýar, ýöne janköýer az


Bu ýaryşyň duşuşyklary täze açylan “Türkmenistan sport” telekanalynda hem görkezilýär.

Bu ýaryşyň duşuşyklary täze açylan “Türkmenistan sport” telekanalynda hem görkezilýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky, 20-nji sentýabrda badalga berlen, açyk halkara futbol ýaryşy dowam edýär. Eýýäm bu ýaryşyň ençeme duşuşyklary tamamlandy. Emma ýaryşyň halkara derejesinde geçirilýändigine garamazdan, ilat arasynda bu ýaryşa gyzyklanma az.

23-nji sentýabrda Täjigistan bilen Özbegistanyň futbol komandalarynyň arasynda ”Köpetdag” futbol stadionynda geçirilen ýaryşa tomaşa etmäge baranlaryň sany diňe 100-150 adam töweregi bolup, käbir tomaşaçylaram stadiona ýaş çagalary bilen barypdyrlar.

“Köpetdag” stadionynyň işgärlerinden biriniň aýtmagyna görä, bu diňe 23-nji sentýabrda bolan duşuşyga mahsus bolman, şu güne çenli geçirilen beýleki ýaryşlara bolan gyzyklanma-da şol günküden o diýen tapawutly bolmandyr.

Bu ýaryşyň duşuşyklary täze açylan “Türkmenistan sport” telekanalynda hem görkezilýär, emma şol translýasiýalarda diňe futbol meýdançasy görkezilip, ýaryşa tomaşa etmäge baranlara o diýen üns berilmeýär.

Tomaşaçylaryň gyzyklanmasynyň pesliginiň sebäpleri barada dürli pikirler bar.

"Ikinji derejeli komandalar"

Ýaryşa tomaşa etmäge baran käbir tomaşaçylaryň aýtmagyna görä, onuň bir sebäbem ýaryşa güýçli komandalaryň gatnaşmaýanlygy bilen bagly. Şeýle pikiri öňe sürýänlerden birem aşgabatly 35 ýaşly futbol janköýeri Ýakup.

“Bu ýaryşa köplenç halatda daşary ýurt komandalarynyň 2-nji derejeli ýa-da ýaşlar düzümindäki komandalary gatnaşdyrylýar. Şu ýyl bolsa diňe milli ýetginjek ýygyndy komandalar bu ýaryşa gatnaşýarlar” diýip, Ýakup aýdýar.

Ýakubyň bu aýdýanlaryny belli bir derejede Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda her ýyl diýen ýaly geçirilýän ýaryşyň statistikasy hem tassyklaýar. Mundan öň 17 gezek geçirilen bu ýaryşlarda daşary ýurt komandalary Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny diňe 3 gezek eýeläpdi.

Türkmenistanyň futbol komandalarynyň şu güne çenli daşary ýurtlarda görkezen o diýen üstünliginiň bolmandygyny nazara alsaň, käbir synçylaryň sözi bilen aýdylanda, bu geçirilýän ýaryşyň hiliniň pesdigi belli bolýar.


Mejbury hem meýletin tomaşaçylar

Şol bir wagtyň özünde-de, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bu ýylky ýaryşlaryň başga bir aýratynlygam bar. Bu ýaryşyň duşuşyklary geçýän stadionlaryň tribunalarynda geçen ýyl tomaşaçylar az däldi. Emma, aýdylyşyna görä, olaryň aglaba bölegi ýolbaşçylarynyň buýrugy bilen stadiona mejbury baran hökümet işgärlerinden, mekdep okuwçylaryndan we studentlerden ybaratdy.

Emma bu ýyl, prezidentiň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasyny hasaba almanyňda, umumy ýaryşlara tomaşaçy hökmünde gatnaşýanlaryň sany juda az, ýöne ýaryşa tomaşa etmäge baran adamlaryň öz islegleri bilen stadiona baran tomaşaçylardygy aýdylýar.

Ýaryşyň açylyş dabarasynda gaýtalanan ýagdaýyň ýaryşyň jemleýji duşuşygynda hem gaýtalanmagyna garaşylýar. Mälim bolşy ýaly, şol çärä ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, hemem döwlet işgärlerinden ybarat müňlerçe adam gatnaşdyrylypdy.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, bu ýylky ýaryşda Türkmenistanyň, Orsýetiň, Ukrainanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ýetginjekler komandalary özara bäsleşýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG