Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň oppozisiýasy parlamentiň täze düzümine girmedi


Geçen ýekşenbe güni Belarusda geçirilen saýlawlarda ýurduň syýasy oppozisiýasynyň hiç bir wekili parlamente saýlanmady.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň duşenbe güni yglan eden ilkinji netijelerine görä, saýlawlaryň birinji tapgyrynda täze parlamente109 kandidat saýlandy. Olaryň arasynda prezident Aleksandr Lukaşenkony goldap çykyş eden kommunistik partiýasynyň üç wekili we Agrar partiýasynyň bir wekili saýlandy.

Oppozision partiýalaryň köpüsi öz dalaşgärlerini saýlawlara gatnaşdyrmady we ses berijileri ses bermezlige çagyrdy. Resmi maglumatlarda ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 74,3 prosent bolanlygy aýdyldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Belarusdaky saýlawlara 300 golaý synçysyny iberdi. Gurama bu saýlawlaryň açyk we adalatly bolmanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG