Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça ýyllyk maslahaty açyldy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) agza döwletleriniň we graždan jemgyýetiniň müňden gowrak wekili adam hukuklary we demokratiýa meseleleri boýunça maslahat etmek üçin Polşanyň paýtagty Warşawa ýygnandylar. Bu ýerde 24-nji sentýabrda guramanyň iki hepde dowam etjek ýyllyk konferensiýasy öz işine başlaýar.

ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň Warşawadaky bölümi tarapyndan guralan bu konferensiýanyň açylyş dabarasynda Polşanyň öňki daşary işler ministri Adam Rotfeldiň ýörite doklad bilen çykyş edendigi habar berildi.

Bu ýyllyk maslahatda adam hukuklary, şol sanda ýygnak geçirmek azatlygy we beýleki esasy azatlyklar, ýigrenç esasyndaky jenaýatlaryň öňüni almak, kanunyň hökmürowanlygy, gender deňligi we adam söwdasyna garşy göreş meseleleri boýunça guramanyň agza döwletleriniň bitiren işlerine garalýar.
XS
SM
MD
LG