Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň oppozisiýasy zorlugyň gyssagly bes edilmegine çagyrdy


Ýekşenbe güni Damaskda bolan duşuşyk ýurduň 16 sany oppozision toparyny öz içine alýan "Siriýada demokratik özgeriş boýunça milli koordinasion topar" tarapyndan gurnaldy. Duşuşyga Eýranly, Hytaýly we Orsyýetli diplomatlar gatnaşdylar.

Mundan bir gün ozal 29 sany oppozision partiýa, Milli koordinasion toparyň oppozisiýany birleşdirmek maksatly geçiriljek duşuşyga gatnaşmakdan ýüz öwürenligi sebäpli, bu duşuşygy yza tesdirýänligini yglan edipdi.

Siriýanyň sürgünlikdäki Milli geňeşiniň resmisi Ausama Monajed, hökümetiň Siriýanyň milli koordinasion geňeşini popaganda maksady üçin ulanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG