Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda dine şek ýetirmekde aýyplanan ýetginjek gyz sud edilýär


Sud hepdäniň duşenbe güni geçirilýär. Hristian dinli Rimşa Masih 14 ýaşynda, emma onuň akyl taýdan kemçiliginiň bardygy aýdylýar. Ol Gurhanyň sahypalaryny oda bermekde aýyplanýar, emma polisiýa onuň günäsini subut edip biljek delilleriň we şaýatlaryň ýokdugyny aýdýar.

Bu işiň derňewini geçirýän polisiýa wekili ýerli imam Halid Jadoon Çiştini Gurhanyň sahypalaryny bilkastlaýyn ýyrtyp olary Masihe bermekde aýyplady.

Masih ýetginjek hökmünde sud edilýär we oňa berilip bilinjek iň uly türme möhleti ýedi ýyldan köp bolmaz. Kämillik ýaşyna ýeten adam hökmünde sud edilen ýagdaýda öňa ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmek howpy abanardy.

Masih 16-njy awgustda tussag edilipdi we soň girew esasynda goýberilipdi.
XS
SM
MD
LG