Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça konferensiýasy geçýär


Adam ölçegleri boýunça geçirilýän bu forumda ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça meseleleriniň tertibi düzüler we bu meseleler guramanyň agza döwletleriniň daşary işler ministrleriniň şu ýylyň dekabr aýynda Dublin şäherinde geçiriljek ýyllyk maslahatynda garalar.

Adam ölçegleri boýunça geçirilýän bu forumda ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça meseleleriniň tertibi düzüler we bu meseleler guramanyň agza döwletleriniň daşary işler ministrleriniň şu ýylyň dekabr aýynda Dublin şäherinde geçiriljek ýyllyk maslahatynda garalar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) agza döwletleriniň we graždan jemgyýetiniň müňden gowrak wekili adam hukuklary we demokratiýa meseleleri boýunça maslahat etmek üçin Polşanyň paýtagty Warşawa ýygnandylar. Bu ýerde 24-nji sentýabrda guramanyň iki hepdelik ýyllyk konferensiýasy öz işine başlady.

ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň Warşawadaky bölümi tarapyndan gurnalan bu konferensiýanyň açylyş dabarasynda Polşanyň öňki daşary işler ministri Adam Rotfeldiň ýörite doklad bilen çykyş etdi.

Bu ýyllyk maslahatda adam hukuklary, şol sanda ýygnak geçirmek azatlygy we beýleki esasy azatlyklar, ýigrenç esasyndaky jenaýatlaryň öňüni almaklyk, kanunyň hökmürowanlygy, gender deňligi we adam söwdasyna garşy göreş meseleleri boýunça guramanyň agza döwletleriniň bitiren işlerine garalýar.

ÝHHG-niň şu ýylky geçirýän konferensiýasynda Roma we Sinti meseleleri, hususanda Roma aýallarynyň jogapkärçiliklerine, pikir, wuždan, din ýa-da ynanç azatlyklaryna, şeýle hem milli azlyklaryň hukuklaryna degişli meseleler maslahatlaşylar.

Adam ölçegleri boýunça geçirilýän häzirki forumda ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça meseleleriniň tertibi düzüler we bu meseleler guramanyň agza döwletleriniň daşary işler ministrleriniň şu ýylyň dekabr aýynda Dublin şäherinde geçiriljek ýyllyk maslahatynda garalar.


Bilim programmalarynyň täze ýörelgeleri

Konferensýanyň gün tertibine laýyklykda, duşenbe güni geçirilen maslahatlaryň çäginde Adam hukuklary boýunça bilim programmasynyň kanun goraýjy resmilere hem-de orta mekdeplere niýetlenen täze ýörelgeleri teklip edildi. ÝHHG-niň teklip eden bu täze ýörelgeleriniň adam hukuklary boýunça birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän göreldeli tejribeler esasynda taýýarlanyp düzülendigini guramanyň Adam hukuklary bölüminiň wekili Pawel Çakuk Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýtdy.

Çakuk: “Bu dokumentde kanun goraýjy resmilere hem-de orta mekdeplere niýetlenen adam hukuklary boýunça bilim programmalarynyň nämeden ybaratdygy gysgaça beýän edilýär. Bu ýörelgeler toplumy adam hukuklary boýunça bilim bermekligi planlaşdyrýanlar, bu ugurdaky bilim programmalary analiz etmek ýa-da bu barada umumy düşünje almak isleýänlere peýdaly bolup biler”.

Graždan jemgyýeti bilen dialog

Warşawada geçýän konferensiýa graždan jemgyýetiniň aktiwistleriniň gatnaşmagy we olaryň döwlet resmileri bilen dialog gurnamagy ÝHHG-nyň adam ölçegleri boýunça maslahatynyň aýratylygydyr.

Konferensiýanyň çäginde döwlet resmileriniň, graždan jemgyýetiniň aktiwistleriniň, ÝHHG-niň edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 50-den gowrak maslahat geçiriler. Bu maslahatlarda alada bildirilýän ýörite meseleler we ýurtlardaky ýagdaýlara syn ediler.

Adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy barada maslahat etmek üçin bu konferensiýa daşary ýurtlarda hereket edýän adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň we oppozisiýa toparlarynyň wekilleriniň gatnaşýandygy habar berilýär.

25-nji sentýabrda konferensiýanyň “Merkezi Aziýadaky esasy azatlyklar we dowam edýän howplar” barada ýörüte maslahaty geçiriler. Bu maslahata “Gollandiýanyň Helsinki komitetiniň”, “Ynsan hukuklary boýunça halkara partnerlygnyň”, “Adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy boýunça halkara býurosynyň Gazagystandaky bölüminiň”, “Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýjy garaşsyz toparynyň” we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasynyň” wekilleri gatnaşýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG