Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň täze premýer-ministri bellendi


Gazagystanyň hökümetindäki öwrülişikler dowam edýärkä, prezident Nursoltan Nazarbaýew premýer-ministr wezipesine Serik Ahmetowyň kandidaturasyny hödürledi. Bu barada Gazagystanyň parlamentiniň spikeri Nurlan Nigmatullin twitterde ýazdy.

Şol günüň özünde Gazagystanyň premýer-ministri wezipesinde 2007-nji ýyldan bari işlän Karim Masimowyň hökümeti dargadylypdy. Munuň yzýany Nazarbaýew Masimowy prezidentiň administrasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine hödürledi.

54 ýaşly Ahmetow birinji wise-premýer wezipesine şu ýylyň ýanwar aýynda bellenipdi. Käri boýunça inžener Ahmetow mundan öň prezidentiň administrasiýasynda işläpdi, şeýle-de transport we aragatnaşyk ministri we Garaganda regionynyň ýolbaşçysy bolupdy.
XS
SM
MD
LG