Sepleriň elýeterliligi

“Freedom House”: Internete basyşlar güýçlenýär


Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House”- “Azatlyk öýi” guramasy dünýä hökümetleriniň internete basyşlaryny güýçlendirýändiklerini we olaryň munuň üçin döwrüň iň ösen gurallaryny ulanýandyklaryny aýdýar. “Internet azatlygy 2012” atly hasabatda 2011-nji ýyla we 2012-nji ýylyň birinji ýarymyna syn berilýär.

Hasabatda raýat jemgyýetçiliginiň-de onlain repressiýalara garşy çykyşlarynyň güýçlenendigi bellenýär. Hasabatda syn edilen 47 ýurtdan 14-sinde oppozisiýany biabraý etmek, ýalňyş maglumat ýaýratmak ýa-da döwletiň resmi liniýasyny goldamak üçin pul tölenen, hökümete tarapdar bloggerler ulanylypdyr.

“Freedom house” guramasynyň hasabatynda bu taktikanyň ozal esasan Orsýet we Hytaý tarapyndan ulanylan bolsa, indi onuň Belarus, Ukraina, Eýran we beýleki ýurtlar tarapyndan hem ulanylýanlygy aýdyldy.

Interneti iň berk çäklendirýän ýurtlaryň arasynda Eýran, Kuba we Hytaý agzaldy. Iň azat internetli ýurdyň Estoniýadygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG