Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Parlamente oppozisiýadan deputat girmeýär


ÝHHG-nyň gözegçisi Matteo Mekaksi "saýlaw bäsleşikli bolmady" diýdi. 24-nji sentvabr, 2012.

ÝHHG-nyň gözegçisi Matteo Mekaksi "saýlaw bäsleşikli bolmady" diýdi. 24-nji sentvabr, 2012.

Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan duşenbe güni birldirilen deslapky netijeler boýunça ýekşenbe güni geçen ses berilşikde syýasy oppozisiýanyň parlamente saýlanan deputaty ýok.

Täze parlamentde Belarusyň Kommunistik partiýasynyň üç wekili, “Oba hojalyk partiýasynyň” hem bir wekili bolar. Bu partiýalaryň ikisi-de saýlawlara prezident Aleksandr Lukaşenkony goldap goşulypdylar.

Resmi maglumatlara görä, ses berilşige gatnaşanlaryň sany 74.3 prosent. Ýöne oppozisiýa ses berenler bu aýdylýanyň diňe ýarpysy diýýär.

"Ne erkin, ne-de adalatly"

Saýlawlara synçylyk üçin 300 töweregi gözegçi iberen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bu saýlawa ne erkin, ne-de adalaty diýip, baha berdi.

Bu guramanyň gözegçiler toparyna ýolbaşçylyk eden Matteo Mekaksi Minskde geçen metbugat ýygnagynda şeýle diýdi:

"Bu saýlaw turuwbaşdan bäsleşikli bolmady. Erkin saýlaw adamlaryň erkin gürlemegine, guramaçylyk işlerini alyp barmagyna, wezipä dalaş etmegine bagly bolýar. Biz bu kampaniýada beýle zady görmedik".

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky gözegçilik missiýasynyň başlygy Sergeý Lebedow duşenbe güni saýlawlaryň erkin, demokratik we ýurduň kanunlaryna laýyklykda geçendigini aýtdy.

Oppozision partiýalaryň aglabasy öz kandidatlaryny ýaryşdan yza çekdiler. Oppozision şahsyýetleriň köpüsi hem tehniki sebäplere görä dalaşgär hökmünde hasaba alynmady.

Esasy oppozision partiýalaryň ikisi – “Birleşen raýatlar partiýasy” bilen Belarusyň Halk fronty partiýasy - saýlawçylara ses berilşige goşulman, kömelek çöplemäge ýa-da balyk tutmaga gitmegi maslahat berdiler.

Döwlet telewideniýesi boýkoty agzamaýar

Döwlet tarapyndan dolandyrylýan telewideniýede hem radioda halkyň boýkota çagyrylandygy agzalmady. Ýöne ýurdy 1994-nji ýyldan bäri gysajyndan çykarman gelýän öňki kolhoz başlygy Lukaşenko oppozisiýany bu boýkot üçin berk tankytlady.

"Bular gorkak adamlar. Bularyň halka aýdara zady ýok. Ähli zat şu. Bilşiňiz ýaly, syýasy göreş käbir aýratyn kanunlara laýyklykda ilerleýär. Ähli syýasy prosesler diňe şu syýasy kampaniýa häsiýetli kanunlara laýyklykda ösýär – diýip, prezident Lukaşenko aýtdy. - Muny hemmeler bilýärler. Siz, gözegçi hökmünde ähli parlament saýlawlaryny gören adamlar, muny bilýärsiňiz. Muny men-de bilýärin, bu syýasy göreşe gatnaşýanlar-da bilýärler."

Adam hukuklary boýunça guramalaryň aýtmagynä görä, oppozision aktiwistleriň ençemesi ses berilşige taýýarlyk görlüp ýörkä tutulypdyr. Oppozision toparlara protest geçirip, bildiriş ýaýratmaga hem ýol berilmedi.

Amerikanyň öňki prezidenti Jorj Buşuň administrasiýasy tarapyndan Ýewropanyň iň soňky diktatory diýlip atlandyrylan Lukaşenko bilen Günbataryň gatnaşygy 2010-njy ýylyň dekabrynda onuň gaýtadan prezidentlige saýlanmagy netijesinde turan protestleriň basylyp ýatyrylmagy sebäpli ýaramazlaşdy.

Bu protestlerde ýüzlerçe adam tutulyp, onlarça adam türme tussaglygyna höküm edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG