Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Baş Assambleýasy ýyllyk sessiýasyna başlaýar


Dünýä liderleri BMG-niň baş edarasynda Baş Assambleýanyň ýyllyk sessiýasyna başlaýarlar.

Bu gün çykyş etjekleriň arasynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland dagy bar.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat Baş Assambleýanyň öňüsyrasynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini Ysraýylyň ýadro ýaraglaryny goramakda ýazgardy.

Ysraýyl Orta Gündogarda ýadro ýaragy bolan ýeke-täk ýurt diýip güman edilýär, emma ol öz ýadro mümkinçiliklerini açmaýar.

Şeýle-de Ahmedinejat Eýran özüni goramak üçin Ysraýylyň islendik hüjümine garşy durmaga taýýar diýdi we ýewreý döwletiniň Orta Gündogarda “kökleriniň” ýokdugyny, onuň “ýok edilip” bilinjegini sözüne goşdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun ýekşenbe güni Ahmedinejat bilen duşuşanda, oňa öjükdiriji ritorikanyň howpludygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG