Sepleriň elýeterliligi

Brahimi Siriýada ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýar


BMG-Arap Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Lakdar Brahimi duşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde çykyş edip, geçen hepde Siriýa eden sapary barada gürrüň berdi we ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýtdy.

Brahimi Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad we daşary işler ministri Walid al-Moallem bilen duşuşdy.

Brahimi Howpsuzlyk geňeşine siriýa režiminiň ýurtda 5 müň çemesi daşary ýurtly söweşiji bar diýip ynanýandygyny, hökümetiň bu konflikti "daşary ýurt dildüwşügi" hökmünde häsiýetlendirmäge barha kän ýykgyn edýändigini aýtdy.

Ol ilatyň barha artýan azyk gahatçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny hem sözüne goşdy.

BMG-niň Dünýä azyk programmasynyň başlygy Ertarin Kousin duşenbe güni Siriýada kömege mätäç adamlaryň sanynyň aprelde 250 müň bolanlygyndan häzir bir ýarym milliona ýetendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG