Sepleriň elýeterliligi

Waşington belarus saýlawlaryny tankyt edýär


Birleşen Ştatlar Belarusda geçirilen saýlawlaryň ne azat, ne-de adalatly bolandygyny aýtdy.

Döwlet departamenti Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň deslapky bahasyna salgylanyp, saýlawçylar üçin saýlap-seçmek mümkinçiliginiň çäklendirilmegi, saýlaw komissiýasynyň bitarap däldigi we dogry-düzüw ses sanaýyş düzgünleriniň ýoklugy sebäpli, bu saýlawlaryň turuwbaşdan bäsleşiksiz bolandygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynda ýurduň 110 orunly mejlisine oppozisiýa agzalarynyň hiç biri saýlanmady.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nuland Belarusda demokratiýa we adam hukuklary hormatlanylsa, şol sanda syýasy tussaglar boşadylsa we aklansa gowy boljagyny, bu meseleleriň Birleşen Ştatlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulaşdyrmagyň esasynda durýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG