Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: Klinton jeňçiler bilen göreşe has kän kömek hödürleýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton Liwiýa jeňçileri mugyra getirmekde has köp kömek hödürledi.

Klinton Liwiýanyň dolandyryjy milli assembleýasynyň başlygy Muhammad Magarife, Bengazidäki amerikan konsullygyna edilen ganly hüjüme garamazdan, Waşingtonyň berk hyzmatdaş bolup galjagyny aýtdy.

Magarif 11-nji sentýabrda amerikan ilçisi Kris Stiwensiň we ýene üç amerikalynyň ölümine getiren hüjüm üçin ötünç sorady.

Bu duşuşyk Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňüsyrasynda boldy.
XS
SM
MD
LG