Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti nebit-gaz ministrine käýinç berdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni ýurduň nebit-gaz senagaty we mineral serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kakageldi Abdyllaýewe berk käýinç yglan etdi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Abdyllaýew ýangyç-energetika kompleksiniň ileri tutulýan ugurlar babatdaky planlaryny doldurmakda depginiň gowşadylmagyna ýol beripdir.

Prezident Berdimuhamedow ýurduň nebit-gaz kompleksini tehniki taýdan doly täzelemek we onuň çig mal hem-de senagat mümkinçiligini ýokarlandyrmak zerurlygyna ünsi çekip, goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrypdyr.
XS
SM
MD
LG