Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa radikal ruhanyny ABŞ-a ibermäge taýýarlanýar


Britaniýa radikal musulman ruhanysy Abu Hamza al-Masrini Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etmäge taýýarlanýar.

Ýewropanyň Adam hukuklary sudy onuň terrorizm aýyplamalaryna jogap bermek üçin Birleşen Ştatlara iberilip bilinjegini aýtdy.

Abu Hamza bildirilýän günäleriň arasynda Birleşen Ştatlaryň Oregon ştatynda "Al-kaýdanyň" tälim lagerini döretmek synanyşygy hem bar.

Strasburg sudunyň çykaran karary uzaga çeken kanun söweşiniň soňy bolup, Abu Hamzanyň we ýene dört adamyň basym Birleşen Ştatlara iberilip bilinjegini aňladýar.

Abu Hamza Britaniýada 2004-nji ýylda tussag edilipdi. Waşington bu bäş adamyň özüne berilmegini öňräkden talap edip gelýärdi.
XS
SM
MD
LG