Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda “Al-Kaýdanyň” uly derejeli agzasy öldürildi


Pakistanda Birleşen Ştatlaryň adamsyz uçaryndan urlan zarbalarda “Al-Kaýdanyň” uly derejeli agzasy Abu Kaşa al-Yragynyň we ýene azyndan dört adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Aňtaw resmileri we “Talyban” çeşmeleri Al-Yragynyň duşenbe güni giçlik demirgazyk Waziristanda öldürilendigini tassyk edýärler.

“Maşal” radiosynyň habarçysy sebitiň esasy şäheri bolan Mir Aliniň golaýynda öldürilen jeňçileriň arasynda “Al-Kaýdanyň” ýene bir işjeň agzasy Abu Saleh “Türkiniň” hem bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG