Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu Ýork: Ahmadinejad Ysraýylyň "kökleriniň ýokdugyny" aýtdy


Eýranyň prezidenti M.Ahmadinejad, Nýu Ýork, 24-nji sentýabr, 2012.
Eýranyň prezidenti M.Ahmadinejad, Nýu Ýork, 24-nji sentýabr, 2012.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu Ýorkda başlanan sessiýalarynyň öňüsyrasynda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejadyň metbugat konferensiýasy geçirildi. Eýranyň prezidenti Ýakyn Gündogar regionynda Ysraýylyň “kökleriniň ýokdugyny” aýtdy.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad Nýu Ýorkdaky metbugat konferensiýasynda sözlän sözünde “Eýranyň 7 ýa 10 müň ýyllyk taryha” eýe bolan döwletdigini, Ysraýylyň bolsa “häzirki giňişligini 60-70 ýylyň dowamynda günbatar ýurtlaryň goldawy bilen eýeläp gelýänligini” belledi.

Ahmadinejad Ysraýylyň Eýrana hüjüm etmek barada edýän çykyşlaryna özüniň “çynlakaý seretmeýänligini” belledi.

Ýadro problemasy

Eýranyň prezidenti ýurduň ýadro programmasynyň daşyndaky problema bilen baglylykda sözlän sözünde Tähranyň “ýadro ýaragyny döretmek üçin ýol gözlemeýänligini” ýene gaýtalady we problemanyň daşyndaky ýagdaýlary ýaňsylady.

Ahmadinejad Eýranyň ýadro programmasyna garşy çykyş edýän ýurtlaryň ýadro ýaragyna eýe bolan döwletlerdigini belläp, “halkara howpsuzlygyny üpjün etmegiň ugurynda tagalla edýänler başda öz ýadro ýaraglaryny ýok etmeli”, diýdi.

Munuň yzýany Birleşen Milletler guramasynyň kanunyň hökmurowanlygy boýunça ýokary derejede geçirilen duşuşygynda Ahmadinejad Howpsuzlyk Geňeşiniň kanunydygyny hem sorag astyna aldy.

Reaksiýalar

24-nji sentýabrda Ahmadinejadyň Nýu Ýorkda ýerleşen myhmanhanasynyň öňünde protestler geçirildi.

Protesti gurnan “Ýadro ýaragly Eýrana garşy bileleşik” atly toparyň başlygy Dawid Ibsen çykyşlaryň Eýranyň resmi toparynyň Nýu Ýorkda bolmagyna we “Warwick” atly oteliň prezident Ahmadinejady myhman almagyna garşy geçirilýänligini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň geçen sessiýalarynda Ahmadinejadyň Holokost barada Günbatara garşy eden çykyşlary, ýadro programmasynyň üstünde günbatar döwletleri bilen gapmagarşylykdaky Eýranyň halkara derejesinde ýazgarylmagyna we üzňeleşdirilmegine sebäp boldy.

Eýranyň prezidentiniň Birleşen Ştatlara häzirki sapary BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu Ýorkda geçýän maslahaty bilen bagly.

Habar berlişine görä, Bileşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşynda, Waşingtonyň Eýranyň ýadro ýaragyny döretmäge synanyşygynyň öňüni almak baradaky pozisiýasyny ýene nygtar.
XS
SM
MD
LG