Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada şübheli sanjym sebäpli müňlerçe dowar öldi


Täjigistanyň Khatlon sebitinde goýunlaryň we geçileriň sürüsi.

Täjigistanyň Khatlon sebitinde goýunlaryň we geçileriň sürüsi.

Nabijon Jurabaýew Özbegistanyň öri meýdanlarynda çopançylyk bilen meşgullanýar. Jurabaýew “goýun mamasyna” garşy diýlip satylan waksina sebäpli, häzir ölmegiň bärisinde duran dowar sürüsini halas etmäge çalyşýar. Jurabaýew gürrüňi gidýän bu sançgyny döwlet eýeçiligindäki kärhanadan alandygyny aýdýar.

Jumabaýew goňur reňkli bu serişdäni suw bilen garyp öz dowarlaryna sanjanda, onuň mallary birnäçe günüň içinde heläk bolupdyr. Bu ýagdaýdan ýeke Jumabaýew ejir çekmedi. Onuň sözlerine görä, Jyzak welaýatynda bu sanjymy ulanan çopanlaryň aglabasy özüniň dowarlaryny ýitiripdirler. Käbir resmi bolmadyk maglumatlardan çen tutulsa, onda Jyzak welaýatynyň diňe özünde 35 müň töweregi goýun heläk bolup, tutuş ýurt boýunça bu görkeziji 50 müňe golaýlaýar.

Gyrgyzystanyň Jalal-Abat welaýatynda özbegistanly kontrabandaçylaryň gara bazarda satan waksinasyndan soňra 1 müň 700-den gowrak dowar heläk boldy.

Iki ýurduň maldarlary-da muňa kimiň jogapkärdigini bilmek isleýärler.

Jogapkär kim?

Özbegistanyň hökümet edaralary bu mesele boýunça bir zat aýtmakdan boýun gaçyrýarlar. Döwletiň eýeçiligindäki media hem dowarlaryň ölmegi bilen bagly maglumatlardan sowa geçýär.

Gyrgyz resmileri bu ýagdaýlar boýunça jenaýat işini açdylar. Gürrüňi gidýän sanjymyň laboratoriýa barlaglarynyň netijeleri anna güni belli bolar.

Britaniýanyň weterinariýa assosiýasiýasynyň hünärmenleri degişli barlaglar geçirilmezden dowarlaryň näme sebäpden ölendigini aýtmagyň kyndygyny belleýärler. Emma olar bu ýagdaýlaryň waksinanyň talaba laýyk ulanylmazlygy sebäpli dörän bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

Hünärmenleriň bellemegine görä, sanjym waksinasynyň ullanylyş möhleti gutaran bolmaly ýa-da ol talabalaýyk şertlerde saklanan däldir.

Korrupsiýanyň hem bu ýagdaýlara ilteşiginiň barlygy çaklanylýar. Belki, hilegärler käbir waksinany ogurlyk ýol bilen alyp, olary gara bazara çykarandyrlar. Alnan sanjymyň öwezini bolsa düýbünden başga maddalar bilen doldurandyrlar.

Başga bir çaklamalara görä, dowarlar Hytaýda öndürilen ýasama waksina sebäpli ölen bolmagy mümkin.

Gürrüňi gidýän bu sançgyny alanlardan, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlaryň bellemegine görä, sançgyda “Pokrow ylmy-barlag merkezinde barlagdan geçdi” diýen ýazgy bar eken. Bu merkez Orsýetiň Oba-hojalyk akademiýasynyň ýerli edarasydyr.

Emma Orsýetiň Oba-hojalyk akademiýasynyň direktory Denis Kolbasowyň bellemegine görä, barlaglaryň netijesinde bu sanjymyň Pokrowdan däldigi anyklanypdyr.

Gyrgyzystanyň Jalal-Abat welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Tairbek Jorobekow “weternariýa düzgünlerini” bozmak bilen bagly dört sany jenaýat işiniň gozgalandygyny aýdýar.

Bu wakalar boýunça tussag edilenleriň biri-de Talip Taşboltow. Ol şeýle gürrüň berýär: “Ýerli adamlar dowamly diýen ýaly bu sançgyny soraýardylar. Onsoň men özbegistanly Zianidin atly dostumdan bu serişdäniň 4 müň gutusyny aldym. Olaryň 3 müň 300-e golaýyny Jalal-Abat oblastynda ýaýratdym. Onuň ulanylan ýerinde dowarlar ölüpdir.”

Bu ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen, Gyrgyzystanda ýerli ilat goýun etinden ýüz öwrüp başlady. Şeýle-de Özbegistanda zaýalanan etiň bazara çykmagyndan ätiýaç edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG