Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Pasport almagyň hupbatlary


Täze we köne görnüşdäki türkmen pasportlary.
Täze we köne görnüşdäki türkmen pasportlary.
Türkmenistanda 2013-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, diňe täze görnüşdäki daşary ýurt pasportlary bolan raýatlara daşary ýurtlara biletleriň satyljakdygy barada awiabiletler satylýan kassalaryň öňünde peýda bolan bildirişden soň, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň edaralarynyň öňünde nobata duranlaryň sany has artdy. Häzirki döwürde bu ýagdaýa Lebap welaýatynda hem göz ýetirse bolýar.

Mesele diňe nobatda däl, pasport almak üçin soralýan dokumentleri toplamak hem aňsat däl, käbir ýaşaýjylar geňeşlikden, ýaşaýan ýeri hemem maşgala düzümi barada almaly sprawkalary asla alyp bilmändiklerini aýdýarlar.

Türkmenabat şäherindäki Migrasiýa gullugynyň edarasynyň öňündäki nobat. 24-nji awgust, 2012 ý.
Türkmenabat şäherindäki Migrasiýa gullugynyň edarasynyň öňündäki nobat. 24-nji awgust, 2012 ý.
Daşary yurt pasportyny almagyň esaslary hemem talap edilýän dokumentler barada Serdarabat etrabynyň Nobat Gutlyýew geňeşliginiň arçyny Behije Hojaýewa ýakynda raýatlar bilen geçiren duşuşygynda şeýle maglumat berdi: “Biz daşary yurt pasportyny alamak üçin gerek dokumentleri berip otyrdyk, ýöne welaýat häkiminiň hut özi ýygnakda, ullakan zalda esassyz dokument bermeli däl diýip, tabşyryk berdi. Biz, raýatyň daşary ýurda gitmeginiň sebäbini bilip, [soňra dokument] bermeli” diýdi.

Arçyn Behije Hojaýewa çykyşyny ýene şeýle dowam etdirdi: “Mysal üçin okuwa gidýän studentiň elinde talyp haty bolmaly ýa-da aňyrdan çakylyk haty ýa-da garyndaşlarynyňka gezmäne gidýäniň elinde-de garyndaşlaryndan ýollanan çakylyk haty bolmaly. Şeýle adamlardan galanyna dokument bermeli däl diýildi. Eger biz şol dokumentleri bersek, bizi günäkärlige çekerler. Siz etrap häkimligine ýüz tutuň” diýip, Hojaýewa çykyşynda belledi.

Eger biz şol dokumentleri bersek, bizi günäkärlige çekerler.
Serdarabat etrabynyň Nobat Gutlyýew geňeşliginiň arçyny Behije Hojaýewa
“Bu zatlaryň edilmeginiň sebäbi köp adamlar daşary ýurda işlemäge gidýärler-de, aňyrda bir topar bidüzgünçilik edip ýörler. [Bu] şu zatlaryň öňüni almak üçin edilýär. Biz edil filterden geçiren ýaly, adamlaryň näme maksat bilen daşary ýurda gidýänini bilmeli. [Sebäbi] Daşary ýurtdan hat gelen ýagdaýynda ilki Türkmenistana gelýär, Türkmenistanam welaýata iberýär, welaýatam etraba, etrabam bize. Şeýdip, birinji günäkär biz bolýas. Sebäbi ilki dokument bizden gidýär” diýip, Serdarabat etrabynyň Nobat Gutlyýew geňeşliginiň arçyny Behije Hojaýewa aýdýar.

Migrasiýa gullugy tarapyndan talap edilýän resminamalaryň sanawy jemi ýedi dokumenti öz içine alýar. Olaryň arasynda:
  1. Anketa we bir sany 3x4 formatdaky reňkli surat.
  2. Pasport, Dogluş hakynda şahadatnama we olaryň kopiýalary.
  3. Harby bilet we onuň kopiýasy ýa-da harby gulluga degişliligi barada tassyknama.
  4. Nika hakynda şahadatnama we kopiýasy ýa-da nikada durmaýanlygyň barada delilhaty, aýrylyşan bolsaň, FORMA-26.
  5. Ýaşaýan ýeriňden kepilnama we maşgala düzümi barada kepilnama.
  6. 18 ýaşa ýetmedikler üçin ata-enesiniň kepillendirýän arzasy (notariusdan almaly) we ata-enesiniň pasportlary we olaryň kopiýalary.
  7. Töleg barada kwitansiýa (uruş, zähmet weteranlary, maýyplaryň ähli derejeleri, 16 ýaşamadyklar tölegden boş) ýaly dokumentler bar.
Häzirki döwürde bu sanawda 5-nji orunda duran dokumentleri, ýagny ýaşaýan ýeriňden we maşgala düzümi baradaky kepilnamalary alyp bilmän, dürli hukuk goraýjy edaralara, etrap häkimlerine ýüz tutup ýöränler hem bar.

Türkmenabat şäherindäki Migrasiýa gullugynyň edarasynyň öňündäki nobat. 24-nji awgust, 2012 ý.
Türkmenabat şäherindäki Migrasiýa gullugynyň edarasynyň öňündäki nobat. 24-nji awgust, 2012 ý.
Olardan birem Serdarabat etrabynyň 47 ýaşly ýaşaýjysy Abdylla. Ol edil häzirki döwürde daşary ýurda gitmek niýetiniň ýokdugyny, emma özüniň bu dokumenti, ýagny daşary yurt pasportyny alyp goýmak isleýändigini aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Gelejekde edinmesi kyn bolar diýip, daşary yurt pasportyny alyp goýasym gelýär. Eger bir gün daşary ýurda gitmeli bolanda, gerek bolar. Ýöne geňeşlikde maňa maşgala düzümim we ýaşaýan ýerim baradaky iki sany haty berenoklar”.

Onuň sözlerinden çen tutsaň, ol iki sprawka bolmasa Migrasiýa gullugy daşary yurt pasportyny resmileşdirmek üçin dokumentleri kabul edenok. Ýöne geňeşliklerde gerekli iki sprawkany sorap gelenlere bermeýärler.

Resmi düşündiriş ýok

Ol iki sprawkany bermezlik barada resmi taýdan hiç hili görkezmäniň ýokdugyny we şol dokumentleriň oňa berilmezliginiň sebäpleriniň hem düşündirilmeýändigini aýtdy.

Bu dokumenti almaga döredilen böwetleriň dowam etmegi we oňa resmi taýdan ýeterlik duşundiriş berilmezligi, ýerli ilatyň arasynda dürli garaýyşlaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle pikirlerden biri hem hökümetiň adamlaryň daşary ýurtlara çykmagyna böwet bolmaga synanyşýanlygy bilen bagly.

Bu mesele bolsa Lebap welaýatyny aýratyn gyzyklandyrýar, sebabi welaýatyň ilatynyň uly bir bölegi Türkiýe we Orsýet ýaly ýurtlarda işleýärler, olaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, daşary ýurtlarda ýaşaýan şol zähmet migrantlarynyň belli bir bölegi agzalýan ýurtlarda bikanun ýagdaýda ýaşaýarlar.

Sakar etrap häkimliginde ýakynda geçirilen ýygnaklaryň birinde ýerli resmileriň eden çykyşlaryndan hem bu ýagdaýa göz ýetirmek mümkin. Şol ýygnakda çykyş eden häkimýet wekillerinden biri bu barada şeýle maglumat berdi: “Bir ýylda 1 ýüz 11 müň 260 adam daşary ýurtlara giden, şonuň 34 müňi Lebap welaýatyndan. Lebap welaýat häkimi janyny ýakyp, bu barada şeýle diýýär: ”Düşündiriň adamlaryňyza. Daşary ýurda gidýänler turist diýip dokument dogrulap, 10 günden ýa-da bir aýdan gaýdyp geleris diýip, aňyrda köp ýyllap ýaşap ýörler”.

Raýatlar üçin ýerli geňeşliklerden Migrasiýa gullugy tarapyndan maşgala düzümi hem-de ýaşaýan ýeri baradaky soralýan sprawkalary almakdaky kynçylyklar dowam edýär.
XS
SM
MD
LG