Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rafsanjaniniň gyzy we ogly türmede saklanýar


Feýza Haşemi, Eýranyň öňki prezidenti Akbar Rafsanjaniniň gyzy
Feýza Haşemi, Eýranyň öňki prezidenti Akbar Rafsanjaniniň gyzy
Akbar Haşemi Rafsanjani bir wagtlar Eýranyň iň täsirli adamlarynyň biri bolupdy. Häzirki wagtda onuň iki çagasy Eýranyň Yslam režimine garşy hereket edýän oppozision aktiwistleriň we tankytçylaryň saklanýan ýeri bolan Tähranyň “Ewin” türmesinde tussaglykda.

Iki çagasynyň tussag edilmegi öňki prezidente edilen zarbalaryň diňe iň soňkusydy. Ol 2009-njy ýylda geçirilen jedelli saýlawlarda Mahmud Ahmedinejatyň täzeden saýlanmagyna garşy durdy we oppozision hereketleri goldaýandygy üçin şondan soň konserwatiwler tarapyndan tankyt edilip gelinýär.

2005-nji ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Mahmud Ahmedinejatdan ýeňilmegi bilen ýyldyzy sönmäge başlan pragmatik Rafsanjani soňky dört ýylyň dowamynda Tährandaky juma namazlaryna ýolbaşçylyk etmekden çetleşdirildi. Ol “Ekspertler Assambleýasynyň” başlygy rolundan hem mahrum edildi we köpçülikleýin çärelerde aç-açan hüjümlere sezewar boldy.

Oglunyň we gyzynyň tussag edilmegi öňki prezidentiň gaýtadan meşhur bolup başlan wagtynyň yz ýany ýüz berdi.

22-nji sentýabrda gijara Rafsanjaniniň gyzy, parlamentiň öňki deputaty Feýza Haşemi tussag edilip, alty aýlyk türme tussaglygyna höküm edildi. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda, 2009-njy ýylda konserwatiwleriň saýlawyň netijelerine garşy protest bildirýänlere zarba urmagynyň yz ýany bilen, döwlete garşy propaganda ýaýratmakda we Eýranyň ýolbaşçylaryny kemsitmekde aýyplanypdy.

Haşemi, Ahmedinejadyň täzeden saýlanmagy garşysynda çykyş edip, saýlawdan soňky repressiýalary tankyt edipdi.

Feýzah Haşeminiň geçen dynç güni tussag edilmegine, Rafsanjaniniň özüne we onuň, üç ýyl daşary ýurtda ýaşap, indi Eýrana dolanmagy planlaşdyrýan ogly Mehdi Haşemä edilen duýduryş hökmünde garaldy.

Rafsanjaniniň beýleki gyzy Fatema Rafsanjaniniň "Kalameh" oppozision websahypasyna beren maglumatyna görä, suduň ýolbaşçysy we beýleki resmiler Rafsanjana oglunyň Eyrana dolanmaly däldigini aýdypdyrlar.

"Olar üç ýyldan bäri Mehdi Haşemi yzyna dolanmaly, ol jogapkärçilige çekilmeli diýýärler. Mehdi öz okuwyny we işini tamamlady we indi ol yzyna dolanýar. Ol siziň soraglaryňyza jogap bermäge taýýar. Olaryň gohlary Mehdini gorkuzmagy we onuň yzyna dolanyp gelmeginiň öňüni almagy maksat edinýär. Olar Mehdini gorkuzmak üçin Feýzany türmä ugratdylar." diýip, Fatema Haşemi “Kalameh” atly websahypada ýerleşdiren maglumatynda aýdýar.

Muňa garamazdan, gyz dogany tussag edilenden bir gün soň, döwlete garşy propaganda ýaýratmakda we korrupsiýada aýyplanýan Mehdi Haşemi Eýrana dolandy. Duşenbe güni, garaşylyşy ýaly, ol prokuratura çagyrylyp, jogapkärçilige çekilenden soň, türme tussaglygyna höküm edildi.

Waşingtonda ýaşaýan syýasy analizçi Aly Afşari bu ýagdaýyň Eýran hökümet administrasiýasynyň içindäki radikallaryň Rafsanjaniniň ganatlaryny has beter gyrmagy karar edendikleriniň alamtydygyny aýdýar.

"2013-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda konserwatiwler Rafsanjaniniň hereketlerini gowşatmaga we syýasy atmosferanyň döremeginiň öňüni almaga synanyşýarlar" diýip, Afşari aýtdy.

Afşariniň sözlerine görä, "konserwatiwler Rafsanjani bilen soňky gapma-garşylyga taýýarlanýar we ony Eýranyň syýasy sahnasyndan gutarnykly ýok etmäge synanyşýarlar".

"Bärde administrasiýanyň radikal gatlaklary Eýranyň Dini lideri Aly Hamaneýi tarapyndan höweslendirilýär. Konserwatiwler Hamaneýiden soň ýurda özleriniň doly eýe bolmaklary üçin Rafsanjaniden gutulmalydyklaryna ynanýarlar", diýip Afşari aýtdy.

Ýakynda Tähranda geçirilen “Goşulyşmazlyk hereketiniň” sammitinde Rafsanjaniniň Aýatylla Hamaneyiniň ýanynda çykyş etmegi, Eýranyň halkara derejesinde basyş astynda bolan döwründe, gaýtadan güýçlenýändigi baradaky myş-myşlaryň döremegine sebäp boldy.

Maslahatdan birnäçe gün soň öňki prezident Rafsanjani ýurduň problemalaryny çözmek üçin ýurtda saýlawlaryň "Azat hem-de aç-açan" ýagdaýda geçirilmelidigini aýdyp, halka çagyryş bilen ýüz tutdy. Ol öz çykyşynda Eýranyň howply döwür bilen ýüzbe-ýüz bolup durandygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG