Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damaskda eýranly žurnalist atylyp öldürildi


Siriýanyň paýtagty Damaskda amala aşyrylan iki sany uly partlamadan biriniň galdyran yzy. Damask, 26-njy sentýabr, 2012.
Siriýanyň paýtagty Damaskda amala aşyrylan iki sany uly partlamadan biriniň galdyran yzy. Damask, 26-njy sentýabr, 2012.
Çarşenbe güni Eýranyň häkimiýetleri bu ýurduň iňlis dilinde gepleşik alyp barýan “Press TV” atly telekanalynyň reportýory Maýa Nesseriň Siriýanyň paýtagtynda snaýper tarapyndan atylyp öldürilendigini mälim etdiler.

Maglumata görä, onuň bilen birlikde “Press TV” telekanalynyň hem-de Eýranyň arap dilli “Al-Alam” telekanalynyň Damaskdaky býurosynyň başlygy Husseýn Mortada hem ýaralanypdyr.

Damaskdaky ýagdaýlar dartgynlaşýar

Bu wakalar bilen bir wagtda diýen ýaly çarşenbe güni Siriýanyň paýtagty Damaskda, ýurduň harby güýçleriniň baş ştabynyň golaýynda iki sany uly bomba partlamasy amala aşyryldy.

Siriýanyň informasiýa ministri Omran al-Zohbi bu partlamalarda hiç hili adam ýitgisiniň bolmandygyny aýtdy. Siriýadaky “Azat Siriýa Armiýasy” atly oppozision ýaragly topar bu partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.

Siriýanyň paýtagtynda soňky günler ýene-de özara ýaragly çaknyşyklaryň kem-kem güýçlenýändigini görmek bolýar. Şol bir wagtda, Siriýadaky zorluklaryň öňüni almak meselesi boýunça halkara derejesindäki diskussiýalar-da dowam edýär.

Sişenbe güni Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda öz ýurdunyň siriýaly oppozision söweşijileriň kontrollygyndaky territoriýalaryň goragyny üpjün etmekligiň ýollaryny gözleýändigini aýtdy.

“Birnäçe aý ýa-da birnäçe hepde mundan ozalkylardan tapawutlylykda, häzirki wagt oppozision güýçleriň kontrollygynda saklanýan ýa-da gaýtadan ele geçirilen ýa-da hökümet güýçleriniň yza çekilen erleri bar. Biz ol ýerlerdäki ýagdaýlardan habarly. Indi biz şol zonalary goramak işlerine başlamaly” diýip, Fransiýanyň prezidenti belledi.

Dünýä liderleri alada bildirýär

Şol gün BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun hem BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Siriýadaky konfliktleriň “global ýagdaýa täsir edýän regional betbagtçylyga öwrülendigini” aýtdy. Ol bu betbagtçylygyň öňüni almak üçin global derejede hereket edilmegine çagyryş etdi.

Baş Assambleýada eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama prezident Başar al-Assady häkimiýetden agdarmak ugrunda Siriýanyň halkynyň alyp barýan göreşine Birleşen Ştatlaryň-da goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Öz gezeginde Kataryň şasy Şeýh Hamad bin Halif Al-Tani Siriýada häkimiýetiň parahatçylykly ýol bilen çalşyrylmagyny üpjün etmek üçin arap ýurtlarynyň bu ýagdaýlara goşulyşmalydygyny nygtady.

Emma, beýleki tarapdan, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Orsýetiň we Hytaýyň garşylyk görkezmekleri sebäpli, Siriýa babatda aýgytly çäreleri ýola goýup bilmän gelýär. Siriýanyň režimine garşy sanksiýalary girizmek ýa-da ýurduň lideriniň wezipesinden çekilmegini talap etmek meselesi bilen bagly rezolýusiýalaryň taslamalaryna Orsýet bilen Hytaý garşy ses berip gelýärler.
XS
SM
MD
LG