Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň DIM-i habar agentligi bilen gidişýär


Orsýetiň "REGNUM" agentliginiň internet sahypasy

Orsýetiň "REGNUM" agentliginiň internet sahypasy

Orsýetiň REGNUM habar agentligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýannamasyna jogap çap etdi. Munuň yzýany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi orsýet habar agentliginiň adyny agzap ýazgaryjy beýannama çap etdi.

Bir hepdeden az wagtyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň habar serişdelerinde çap edilýän maglumatlara nägilelik bildirip, iki sapar resmi beýannama ýaýratdy.

25-nji sentýabrda Daşary işler ministrligi derejesinde çap edilen resmi maglumatda “soňky döwürde orsyýetli habar agentlikleriň, hususan-da “REGNUM” agentliginiň Türkmenistan we ýurtda bolup geçýän wakalar barada hakykata gabat gelmeýän maglumatlary çap etmekde gitdigiçe uly aktiwlik” görkezýändikleri bellendi.

Habar agentligiň jogaby

Ýakyn günlerde “REGNUM” Türkmenistanyň DIM-niň 20-nji sentýabrda ýaýradan resmi beýannamasyna jogap çap etdi.

“REGNUM” Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi derejesinde çap edilen resmi dokumentiň dilini we äheňini “köçe gürrüňine” deňedi we bu resmi dokumentde “ýönekeý logikanyň” äsgerilmänligini belledi.

“REGNUM” agentliginiň Gündogar býurosynyň adyndan çap edilen maglumatda türkmen tarapynyň gahar-gazabyna sebäp bolan maglumatyň hiç hili tankydy öz içine almanlygy bellendi.

Agentlik 13-nji sentýabrda orsýetli bilermen Stanislaw Pritçiniň dokladyny çap edipdi. Bilermen Hazar deňziniň statusyny kegsitlemekde deňiz ýaka döwletleriniň arasyndaky gepleşikler prosessinde öňegidişligiň ýokdugyny belläp, azeri-türkmen gatnaşyklarynyň gepleşikler prosessine päsgelçilik berýän faktorlaryň biridigini aýdypdy.

“REGNUM” agentligi Türkmenistanyň DIM-niň resmi beýannamasynda “propagandanyň akyl paýhasdan ýokarda goýulanlygyny” belläp, “türkmen häkimiýetleriniň informasiýa giňişligine täsir ýetirmäge” synanyşyklaryna özüniň mundan bäýläk-de üns bilen syn etmekçidigini we Türkmenistandaky ýagdaýlar barada has köp maglumat bermäge synanyşjakdygyny mälim etdi.

DIM-iň beýannamalary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “REGNUM” agentliginiň çap eden maglumatlaryna 2011-nji ýylda hem resmi derejede nägilelik bildiripdi. Şol maglumatlarda Türkmenistanyň gaz baýlyklarynyň mukdary barada resmi sanlara bilermenleriň şübheli garaýyşlary çap edilipdi.

Türkmenstanyň Daşary işler ministrligi orsyýet metbugatynda çap bolan maglumatlara yzygiderli nägilelk bildirip gelýär.

Diňe soňky bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat üçin ýaýradan resmi beýannamalarynda, orsýetli habar beriş serişdelerinde hususan-da goşa raýatlyk problemasy, Türkmenistanyň energiýa syýasaty we ýurduň gaz zapaslary barada çap edilen tankydy maglumatlaryň käbirine nägilelik bildirilipdi.

Şonda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi orsyýetli habar beriş serişdelerde çap edilýän maglumatlary “obýektiw bolmadyk baha bermek”, “boş aýyplamak” we “hakyky ýagdaýy ýoýup görkezmek” üçin synanyşyk atlandyrypdy we tankydy maglumatlaryň çap edilmeginiň Türkmenistan bilen Orsýet arasyndaky dostlukly gatnaşyklara zyýan ýetirýänligini belläpdi.

Türkmenistanyň DIM-niň 25-nji sentýabrda çap eden soňky beýannamasynda ýurduň “açyk gapylar” syýasatyny alyp barýanlygy we halkara habar beriş serişdelerini gyzyklandyrýan “ähli zerur maglumatlary” berýänligi aýdylýar. Şeýle-de ýurtda “Roýters”, Frans Press”, “Associated Press”, “Sinhua” we beýleki daşary ýurtly habar agentlikleriniň işleýänligi resmi maglumatda nygtalýar.
XS
SM
MD
LG