Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zardari: Şeýle filmlere jenaýat işi hökmünde garamaly


Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardari BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär. Nýu-Ýork, 25-nji sentýabr, 2012.
Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardari BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär. Nýu-Ýork, 25-nji sentýabr, 2012.
Sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardari musulman dini barada ABŞ-da döredilen täze filmi ýiti tankyt etdi we dünýä liderlerini şeýle filmlere jenaýat işi hökmünde garamaklyga çagyrdy.

Prezident Zardari BMG-niň Baş Assambleýasynda eden bu çykyşynda, hususan-da, musulman dini baradaky bu filmi ýazgarmak bilen bir wagtda, özüniň zorlukly çäreleri-de goldamaýandygyny aýtdy.

Liderler biragyzdan ýazgarýarlar

“Biz hiç haçan zorlukly çäreleri goldamaýarys, emma, beýleki tarapdan halkara jemgyýetçiligi bu wakalara ýöne dymmak bilen syn etmeli däldir. Ol söz azatlygyndan hyýanatçylykly peýdalanyp, dünýäniň parahatçylygyny weýran edýän we dünýä howpsuzlygyna wehim abandyrýan beýle işleri jenaýat hökmünde häsiýetlendirmelidir” diýip, prezident Asif Aly Zardari öz çykyşynda nygtady.

Onuň bu çykyşynyň öňýany ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hem bu soňky wakalar bilen baglanyşykly musulman ýurtlarynda ýüze çykan gazaply protest çykyşlary bilen bagly Waşingtonyň alada bildirýändigini mälim edipdi.

“Men bu wideo filme Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň hiç hili dahylynyň ýokdugyny aýdyň edipdim. Şeýle hem, men bu filmiň ideýasyny biziň umymy adamzat gymmatlyklarymyza hormatlaýan ähli adamlar ret etmelidirler diýip hasaplaýaryn. Bu diňe bir musulmanlary däl, eýsem Amerikany-da kemsitmekdir. Çünki, şu diwarlaryň aňyrsyndaky şäherdäki ýagdaýlar biziň ýurdumyzyň ähli milletleriň we dinleriň wekillerine hormat goýýandygyny aýdyň görkezýär” diýip, Barak Obama öz çykyşynda belledi.

Söz azatlygy we jogapkärçilik

Bu wakalaryň fonunda sişenbe güni musulman ýurtlaryny birleşdirýän iň uly gurama bolan Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasy käbir ýurtlarda antisemitizmiň ýa-da Holokost gyrgynçylygyny inkär etmekligiň öňüne böwet bolnuşy ýaly, yslama garşy ýigrenç duýgularynyň beýan edilmeginiň öňüne-de kanun taýdan böwet bolunmagyna çagyryş etdi.

Müsüriň täze saýlanan prezidenti Mohammed Mürsi hem Nýu-Ýork şäherinde bu wakalar bilen baglanyşykly eden çykyşynda söz azatlygynyň ýany bilen bu baradaky jogapkärçilikleriň-de bile gelýändigini aýtdy. Ol, aýratyn-da, bu söz azatlygynyň parahatçylyga we durnuklylyga wehim salýan halatynda, munuň jogapkärçilikler bilen baglanyşyklydygyny nygtady.

Bu wakalaryň fonunda bolsa hepdäniň sişenbe güni Birleşen Ştatlar bilen Arap Ligasy özara dialoglary güýçlendirmek barada ýörite ylalaşyga gol çekdi. Bu barada özara düşünişmeklik Memorandumyna Nýu-Ýorkda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen Arap Ligasynyň Baş sekretary Nabil al-Araby gol goýdy.
XS
SM
MD
LG