Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Sport meselesinde daşarky tejribelere ýüzlenilýär


Futbol boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşyndan çen tutulsa, bu sport çäresine höwes bilen tomaşa etmäge gelýän ilatyň ujypsyzdygyny görmek bolýar.

Futbol boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşyndan çen tutulsa, bu sport çäresine höwes bilen tomaşa etmäge gelýän ilatyň ujypsyzdygyny görmek bolýar.

Şu hepde global sport hereketinde aragatnaşyk we halkara gatnaşyklary boýunça daşary ýurtly ekspertler bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi.

Mundan daşary, şu hepdäniň dowamynda Türkmenistandaky ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi “Halkara sport çärelerini gurnamakda dünýa tejribesi” atly üç günlük seminaryny maliýeleşdirdi. Sport ulgamynda gazanylýan üstünlikleri propaganda etmek bilen bir hatarda, halkara derejesinde geçirilýän sport çärelerinde Türkmenistanyň sportçularynyň ejiz gelýändigi hem häzirki wagtda döwlet derejesinde ünse çekilip başlandy.

Esasy üns berilýän ugurlar

TDH gullugynyň maglumatyna görä, “Jon Tibbs and Associates” kompaniýasynyň direktory Jon Tibbs hem-de Britaniýanyň Lafboro sport kollejiniň wekilleri bilen sişenbe güni geçirilen duşuşykda Türkmenistanda uly sport çärelerini, şol sanda ýapyk binalarda geçýän oýunlar we gündogar göreşleri boýunça “Aziýa-2017” ýaryşyny gurnamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça meselelere garalypdyr.

Mundan daşary, bu duşuşykda Britaniýanyň Lafboro kollejinde türkmen sportsmenlerini we trenerlerini taýýarlamak boýunça meseleleriň maslahat edilendigi aýdylýar.

Jon Tibbs Britaniýanyň söwda we inwestitiýalar boýunça agentliginiň global sport taslamalary boýunça bölümine ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem ol bu agentligiň Olimpiýa oýunlary boýunça işçi toparynyň agzasydyr.

Türkmen hökümeti ýurtda bedenterbiýä we sporta uly üns berilýändigini tekrarlaýar. Hatda, “sporty ösdürmeklige goşýan goşantlary üçin” golaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Fudokan-Şotokan karate-do boýunça Dünýä federasiýasynyň karateniň we dzýudonyň iň ýokary ussatlyk derejesi bolan 10-njy danyň ýörite diplomy hem gowşuryldy.

Bu aýdylýan üstünliklere garamazdan, geçen tomus Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryndan türkmenistanly sportsmenler medalsyz dolandylar we bu ýagdaý sebäpli ýurt baştutany degişli edaralaryň resmilerini tankytlady.

“Türgenlerimize Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmek üçin we öňdäki orunlary eýelemek üçin ähli oňyn şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilendigine garamazdan, olar örän pes netije görkezip, baýrakly orunlary eýeläp bilmediler” diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda hökümet maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Çözülmeli meseleler

Türkmenistanda döwletiň gözegçilik etmeginde soňky döwürde gymmat bahaly sport desgalary we olimpiýa şäherçesi gurulýar. Ilatyň bedenterbiýä bolan höwesini galdyrmakda, sporty ösdürmekde munuň ýeterlik däldigini synçylar aýdýarlar.

Geçen hepdede paýtagt Aşgabatda başlanan Türkmenistanyň prezidentiniň baýragyny almak ugrunda futbol boýunça halkara ýaryşyndan çen tutulsa, bu sport çäresine höwes bilen tomaşa etmäge gelýän ilatyň ujypsyzdygyny görmek bolýar. Döwlet derejesinde geçirilýän sport çärelerine tomaşa etmek üçin esasan studentler, mugallymlar we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri gatnaşdyrylýar.

Türkmenistanda sporty we oňa bolan höwesi galdyrmak üçin daşary ýurtlaryň tejribelerine daýanyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň “Halkara sport çärelerini gurnamakda dünýa tejribesi” atly Aşgabatda geçiren ilkinji seminarynyň esasy ugry boldy.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň çarşenbe güni ýaýradan maglumatyna görä, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň çagyran halkara bilermenleri “köpsanly myhmanlary kabul etmek işleriniň gurnalyşy, myhman kabul etmegiň edepleri, ýaryş geçirilýän ýeriniň dolandyrylşy, medal gowşurmak dabarasynyň gurnalyşy, uly möçberli çäreleri geçirmegiň maliýeleşdirilmegi baradaky bilimleri bilen paýlaşdylar”.

Şeýle hem, Türkmenistanyň birnäçe döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu seminarda sport çärelerini gurnamak barada dürli ýurtdan gelen bilermenleriň çykyş edendikleri habar berilýär.
XS
SM
MD
LG