Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada adamlar işlerini taşlap proteste çykdylar


Gresiýada adamlar kabul ediljek tygşytlaýyş çärelerine protest edip, işlerini taşlap ýörişe çykdylar. Paýtagt Afinynyň köçelerine 50 müň töweregi adamyň çykandygy aýdylýar.

Polisiýa daş zyňýan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandy.

24 sagatlyk protesti geçirmäge ýurduň iň uly iki işçiler bileleşigi, profsoýuzy çagyrdy.

Protestler sebäpli uçar we otly gatnawlary durdy, mekdepler, keselhanalar we beýleki jemgyýetçilik edaralary ýapyldy.

Häzirki görülmegi planlaşdyrylýan tygşytlaýyş çäreleri halkara maliýe kömegini alyp bilmek üçin geçirilýär. Häzir Gresiýada iň uly işsizlik derejesiniň bolmagyna garaşylýar. Köp grekler hem garyplyk derejesinde ýaşaýarlar.

2010-njy ýylyň maýyndan bäri, Gresiýa 230 milliard ýewro möçberinde halkara kömegi berlipdi. Munuň netijesinde ýewro pul birliginiň durnuklylygy hem howp astyna düşdi.
XS
SM
MD
LG