Sepleriň elýeterliligi

Siriýada Eýranyň habar serişdesiniň bir işgäri öldürildi, biri hem ýaralandy


Damaskda mergen Eýranyň iňlis dilinde gidýän “Press TV” telekanalynyň habarçysy Maýa Nasseri öldürdi, şeýle-de bu telekanalyň we Eýranyň arap dilindäki “Al-Alam” kanalynyň ýerli edarasynyň başlygy Husseýin Mortadany ýaralady. Bu barada Eýrandan gowuşýan maglumatlarda nygtalýar.

Bu hüjümlerden biraz öň, çarşenbe güni Siriýanyň paýtagtynda harby baş ştabyň golaýynda iki bomba partladyldy. Resmiler partlamada hiç kimiň ölmändigini habar berýärler.

Partlamalaryň jogapkärçiligini gozgalaňçylaryň “Siriýanyň azat armiýasy” topary öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG