Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýanyň ozalky premýer-ministri oppozision partiýanyň başyna geçdi


Ýaponiýanyň ozalky premýer-ministri Şinzo Abe ýurduň iň esasy oppozisiýa partiýasynyň baştutanlygyna saýlandy. Eger-de onuň partiýasy nobatdaky saýlawlarda ýeňiş gazansa Abe ýaňadandan premýer-ministriň kürsüsini eýelemegi mümkin.

Abe Liberal Demokratik partiýanyň lideri hökmünde çarşenbe güni saýlandy. Bu konserwatiw partiýa ýurda 50 ýyldan gowrak wagt bäri baştutanlyk edenden soň, 2009-njy ýylda häkimiýetden gidipdi.

Abe gaty milletçi biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ol Hytaý we Günorta Koreýa bilen bar bolan serhet dawalary boýunça, has berk pozisiýasyny eýelemäge çagyryş edýär.
XS
SM
MD
LG