Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda aşa yslamçylar adam öldürmekde aýyplanýarlar


Gazagystanda resmiler Almaty şäheriniň golaýyndaky milli seýilgähde 12 adamy öldürmekde aýyplanyp, iki aşa yslamçynyň gözlendýändigini yglan etdiler.

Sişenbe güni giçlik ýaýradylan beýanatda nygtalmagyna görä, gözlege yglan edilenler ýaragly bolup, olar hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine hüjümleri amala aşyrmagy planlaşdyrýarlar.

Geçen aý Ile-Alatau seýilgähinde 12 adamyň, şol sanda aýal maşgalalaryň hem jesedi tapylypdy. Olaryň altysynyň bedeni ýakylypdy.

Öldürlenleriň arasynda ýerli tokaý sakçysy Panaýot Zakharopulo we onuň garyndaşlary-da bardy. Ilki polisiýa bu hüjümleri amala aşyrmakda Zakharopulonyň ýitirim bolan oglundan şübhelenipdi.
XS
SM
MD
LG