Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaş-juwanlarynyň öňündäki galyň meselesi


Türkmenistanda galyň welaýatlara görä üýtgeýär
Türkmenistanda galyň welaýatlara görä üýtgeýär
Köp ýurtlarda durmuşa çykjak gyz üçin galyň soralýar. Bu ýagdaýa aýratynam musulman ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda duş gelmek mümkin. Bu tejribäni kamillik ýaşyna ýeten aglaba ýaşlar başdan geçirýärler.

Eýsem, häzirki döwürde Türkmenistanda galyňyň möçberi näçe, şeýle-de ol nämä görä kesgitlenilýär? Gudalaryň arasynda galyňyň möçberi nähili ylalaşylýar? Şeýle-de türkmen ýaşlary galyň meselesine nähili garaýarlar? Azatlyk Radiosy bu barada ýakynda jigisini öýlendiren Merjen bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde galyňyň ortaça bahasy näçe?

Merjen: Türkmenistanda şu wagt galyň welaýatlara görä üýtgeýär. Meselem, Ahal, Aşgabat taraplarda, garyndaşlarymyň aýtmagyna görä, sadaja galyň öňki türkmen manadyndan 90 million bolup, ondan daşgary iki müň dollar gyzyl ýa-da halat-serpaý üçin soralýar.

Biziň welaýatymyzda, ýagny Lebap welaýatynda, ýakynda doganymy öýlendirdik we oňa 70 million manat berdik, gelniň gyzyly, halat-serpaýlary hem şonuň içindedi. Ýene-de bir wakany mysal getirip berjek şu wagt, meniň bir joram bar, onuň jigisi aşgabatly bir gyzy söýüpdir. Olar gudaçylyga baranlarynda, olardan diňe galyň üçin 10 müň dollar talap edilipdir. Onsoň olaram ony gymmat gördüler, şeýlelikde toýam ýatyryldy, gyz bilen oglanam başga-başga adamlar bilen durmuş gurdular.

Azatlyk Radiosy: Welaýatlaryň arasynda galyňyň möçberi tapawut edýär ekeni. Onuň möçberi maşgalalar arasynda hem üýtgeýär diýilýär. Eýsem, galyňyň möçberi nämä görä kesgitlenilýär?

Merjen: Galyňyň möçberi, meselem, biri gyzyny pylança baha beripdir, pylany pylança galyň alypdyr, bizem şony isleýäs diýip kesgitlenmegi mümkin. Ondan başga-da men gyzymy okatdym, oňa pylança çykdajy etdim, siziň hem şonçarak galyň tölemegiňizi isleýärin diýmekleri hem sebäp bolup biler. Käbir wagtlar durmuş gurjak oglan bilen gyz özara ylalaşyp, ejesini razy edýän wagtlary hem bolýar.

Azatlyk Radiosy: Galyňyň näçe bolmalydygy gudalaryň arasynda nähili ylalaşylýar? Öz tejribäňizden gürrüň beräýseňiz.

Merjen: Bizde, meselem, ýakynda jigimi öýlendirenimizde, şeýle mesele boldy, biraz ýokarrak bahada galyň soradylar, alynjak, beriljek halat-serpaýlaryň käbirleriniň möçberini artdyrmak we kabiriniň möçberini azaltmak barada gudalar bolup, özara ylalaşyga geldiler. Şeýdip, başda soralan galyňy birazajyk bolsa-da düşürdiler.

Azatlyk Radiosy: Galyň näçe bolmaly diýlen meselesinde gyzyň pikiri soralýarmy?

Merjen: Hawa, soralýan ýerem bardyr, soralmaýan ýerem bardyr. Bu gyz bilen ejäniň arasyndaky ylalaşyga ýa-da maşgala ýagdaýyna bagly bolup, ýa-da käbir ýerlerde gyzyň islegine-de bagly bolup bilýär.
XS
SM
MD
LG