Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa: polisiýa protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy


Gresiýanyň polisiýasy daş böleklerini oklan we benzinli bomba ulanan protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy we burçly suw pürküjini ulandy.

Gresiýanyň polisiýasy daş böleklerini oklan we benzinli bomba ulanan protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy we burçly suw pürküjini ulandy.

Gresiýanyň polisiýasy daş böleklerini oklan we benzinli bomba ulanan protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy we burçly suw pürküjini ulandy. Onlarça müň ptrotestçi hökümetiň tygşytlamak düzgünlerine garşylyk görkezip, Gresiýanyň paýtagtynda çarşenbe güni ýörüş geçirdiler.

Gresiýany bankrotlykdan halas etmäge gönükdirilen ÝB-niň we Halkara pul gaznasynyň nobatdaky maliýe kömegini almak üçin tygşytlaýyş düzgüni talap edilýär.

Afinynyň merkezindäki parlament meýdançasynda protestçiler baglary otladylar, pyýada ýörelgelerdäki daşlary we mermer örtgüleri gopardylar we olary polisiýa garşy zyňdylar.
Afinyda we Tessalonikide döwlet we hususy sektorlarynyň 50 müňden gowrak işgäri iki sany iň uly kärdeşler arkalaşygynyň goldamagy bilen 24 sagatlyk ählimumy iş taşlaýyş geçirip, çarşenbe güni ýörüş etdiler.

Bu iýun aýynda üç partiýanyň kaolisiýasy esasynda hökümet döredileninden soň ýurtda geçirilýän ilkinji ählimumy iş taşlaýyşdyr.

Tygşytlamak düzgünlerine ilat köpçüligi berk garşy durýar, çünki ýurtda işsizligiň derejesi rekord derejesine galdy we grekleriň köp bölegi garyplyk derejesine düşürildi.

Marinos Kazakis Afinynyň hususy sektorynda işleýär.

“Üç partiýadan ybarat hökümetiň berk tygşytlamak düzgünleri kabul ederliksizdir. Adamlar göreşsiz maksada ýetip bolmaýandygyna düşünmeli” diýip, Kazakis aýdýar.

Çarşenbe güni ýüz beren protestler ýurduň turizm pudagyna hem täsirini ýetirdi. Gresiýanyň meşhur Akropolis turist kompleksi ýapyldy, uçar reýsleri birnäçe sagatlap gijä galdyryldy.

Gresiýa 2010-njy ýylyň maý aýyndan bäri 230 milliard ýewro möçberinde halkara maliýe kömegini aldy. Halkara kömegi berilmedik ýagdaýynda Gresiýa defolt, ýagny bergileri sebäpli bankrot ýagdaýa düşmek we 17 agzadan durýan ýewro zolagyndan çykmak howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG