Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Unudylmajak hazyna


A.Baýry: "Magtymguly Garly, Sahy Jepbar ýaly ussatlaryň aýdymlaryna muşdak Balyş Öweziň Sarman Hudaýberdiýewiň bagşyçylygyna göwnüniň ýetmegi, elbetde, bagşy üçin uly derejedi".
A.Baýry: "Magtymguly Garly, Sahy Jepbar ýaly ussatlaryň aýdymlaryna muşdak Balyş Öweziň Sarman Hudaýberdiýewiň bagşyçylygyna göwnüniň ýetmegi, elbetde, bagşy üçin uly derejedi".
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Sarman Hudaýberdiniň dünýä inenine şu ýyl 85 ýyl doldy. 60-njy ýyllarda Sarman bagşynyň aýdymlary türkmen radiosynda häli-şindi efire berilýärdi. Ol örän çeküwli hem ýakymly owazly bagşy bolup, onuň dutar çalýan eliniň hereketi bilen aýdýan sözüniň deň gelemgi köpçüligi haýran galdyrýardy.

Ol her näçe joşup aýdanda-da, sözleri ýoýman, dogry aýdýardy. Bu onuň taýsyz ussatlygynyň bir alamatydy. Ussat bagşy soňky ýyllarda birneme unudyldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny gazanyp, ýurduň unudylan ençeme bagşy-sazandalaryna hormatly atlar berlende-de, Sarman Hudaýberdi ýatlanmady. Bu bagşynyň doglan güni-de resmi ýagdaýda bellenilmedi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:35 0:00
Ýükle

Ine, bu ýyl ussat bagşynyň dünýä inenine dogry 85 ýyl boldy. Ýazyjy Hudaýberdi Hally şu sene mynasybetli bagşyny ýakyndan tanaýan hem onuň aýdymlarynyň aşygy, žurnalist Aşyrguly Baýry bilen söhbetdeşlik geçirdi.

H.Hally: Aşyrguly, bu söhbetdeşligi Sarman bagşynyň ömür ýolundan başlsak gowy bolardy. Sebäbi Türkmenistandaky häzirki ýaş diňleýjilerde ol barada ýeterlik maglumat ýok.

A.Baýry: Bagşy Sarman Hudaýberdiýew baryp, 1964-nji ýylda “at gazanan bagşy” diýen hormatly ada mynasyp bolsa-da, şondan çärýek asyrdan gowrak wagtdan soň neşir edilen 10 tomluk Türkmen Sowet Ensiklopediýasyndan oňa orun tapylmandyr. Umuman, bu ussat bagşy barada ýerli metbugatdaky birlän-ikilän oçerki agzaýmasaň, suwytly zat ýazylmady we ýazylmaýar.

Onsoň, bagşynyň doglan ýeri barada dürli-dürli, biri-birine çapraz gelýän maglumatlar bar. Olaryň birinde bagşynyň 1927-nji ýylda Jebel şäherçesinde doglandygy, beýlekisinde bolsa Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň birinde doglup, olaryň maşgalasynyň Jebele soňra göçüp gelendigi aýdylýar.

Bagşynyň çyn ady Kowusmuhammet bolup, ol ekizleriň biridir. Ekiztaýynyň ady Kyýasmuhammet bolmaly. Oňa Sarman adynyň nämeden galandygyny biljek däl. Ýöne bu adyň ýüz keşbi ýa-da onuň düýe bakan bolmagy bilen baglanyşykly dörändigini çaklaýaryn.

H.Hally: Beýik akyldarymyz Magtymguly: “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýipdir. Senet meselesine gelsek, bagşyçylyk, sazandalyk ýaly aýratyn ýokary ukyp talap edýän hünärler köplenç maşgala terbiýesinden – nesil yzarlamakdan gelip çykýar. Bu mesele bilen Sarman bagşynyň ýoluny baglanyşdyrmak mümkinmi?

A.Baýry: Onda-da gaty mümkin, sebäbi ol bagşylar maşgalasyndan. Onuň dädesi Hudaýberdi aga Balkan-Daşoguz sebitlerinde ady belli bagşy bolsa, dogany Nyýazmämmet, ekiztaýy Kyýasmuhammet, aýal dogany Enegül hem aýdym-saza köňül beripdirler. Hudaýberdi aga Arkaç ýollaryndan, esasan Çowdur körüň aýdymlaryndan aýdypdyr. Dädesi ýaly, Sarmanam Çowdur körüň ýoluna eýermekden bagşyçylyga başlapdyr.

H.Hally: Elbetde, men radioda bar bolan ýazgylaryny göz öňünde tutýan, şolardan çen tutsaň, Sarman bagşynyň ýoly başgarak ýaly-la?!

A.Baýry: Ol birneme soňra öz ezber gyjakçysy Baýram sazandanyň maslahaty bilen Magtymguly Garlynyň yzyna eýermäge çalyşýar. Onuň ýene-de bir şägirdi Täşli Berdiýew diýen bagşy onuň Çuwal bagşa köre-kör eýermändigini, öz sesi, öz owazy bilen özüçe aýdandygyny ýerlikli belläpdi.

H.Hally: Aşyrguly, seniň bir sözüň ýadymda galypdyr. Sen Sarman Hudaýberdä Günbatarda “Balyş Öweziň bagşysy diýilýär” diýipdiň.

A.Baýry: Hawa. Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň şol döwürlerdäki 1-nji sekretary Balyş Öweziň bagşysy diýilýänini telim gezek eşidipdim. Il arasyndaky gürrüňlere görä, Balyş Öwez her gezek Nebitdaga gelende, Sarman bagşyny çagyrdyp, ony diňlär eken.

Magtymguly Garly, Sahy Jepbar ýaly ussatlaryň aýdymlaryna, umuman, milli türkmen aýdym-sazyna muşdak Balyş aganyň Sarman Hudaýberdiýewiň bagşyçylygyna göwnüniň ýetmegi, elbetde, bagşy üçin uly derejedi.

Ilki Kompartiýanyň Nebitdag şäher komitetiniň 1-nji sekretary, soňra TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy bolan hakyky türkmen ýaşulusy Annamuhammet Gylyjow hem Sarman Hudaýberdiniň aýdymlaryny arzylar eken. Hut şolaryň Türkmenistana ýolbaşçylyk eden döwründe-de ol “TSSR-iň at gazanan bagşysy” diýen ada mynasyp bolupdy.

H.Hally: Aşyrguly, indi seniň özüňe geçsek, bagşyny haçandan tanap ugradyň?

A.Baýry: Bilşiň ýaly, biziň oglanlyk döwürlerimizde telewideniýe ýokdy, bolaýsa-da, çet-gyrakda ýaşaýanlara elýeterli däldi. Bagşylary-da radio arkaly diňleýärdik, olary gaýybana tanaýardyk. Orta mekdebi gutaryp, Nebitdag şäher telestudiýasynda öwrenje diktor bolup işläp başlanymda, bagşy bilen tanyşypdym.

Onuň göni efirde berýän konsertlerini telim gezek diktor hökmünde alyp barmaly bolupdym. Elbetde, studiýada bagşynyň edil ýanynda oturyp diňlemegiň bir öz aýratyn lezzeti bar. At gazanan bagşy bilen mawy ekranda bile görünmek meniň ýaly ýigdekçe üçin diýseň ýakymlydy.

Ýatlasam, Sarman bagşyny öz ojagymda diňlemek maňa miýesser edipdi. Şagadamda şäher telestudiýasynda çykyş eden bagşy bir saý-sebäp bilen meniň kireýine ýaşaýan bir otaglyja öýümiň arzyly myhmany bolanda, depäm gök diredi. Onuň ýanynda sazandalaryndan başga-da, nebitdagly şahyr dostlarym hem bardy.

“Göwün sygsa, göwre sygar” diýlenini edip, darajyk otagyma ýerleşdik. Şonda Sarman bagşy joşup, şeýle bir aýdym aýtdy welin, heý, çeniň däl! Göwnümizem giňäp gitdi, öýümizem giňäp gitdi. Täze çatynja bolamyzsoň, magnitofonymyzyň ýoklugy zerarly ussat bagşynyň öýümizde aýdan şol aýdymlaryny ýazyp alyp bilmändigime häzir-häzirem gynanyp ýörün.

Şu gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:04 0:00
Ýükle

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG