Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG: Ahmadinejad ýadro bilen “gorkuzmakda” günbatary aýyplaýar


Çarşenbe güni Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda günbatar döwletlerini ýadro bilen “gorkuzýanlykda” aýyplady.

Ahmedinejadyň bu çykyşy ABŞ we Ysraýyl tarapyndan baýkot edildi. Bu Ahmedinejadyň geljek ýyl prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyndan öň BMG-de eden soňky çykyşydyr.
Şol bir wagtyň özünde müňlerçe adam Eýranyň režimine protest bildirip BMG-niň baş edarasynyň golaýynda ýygnandylar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama sişenbe güni BMG-de eden çykyşynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça krizisi diplomatik ýol bilen çözmek üçin “wagtyň çäksiz däldigini” aýtdy.

Islendik döwletiň parahatçylykly maksatlara gönükdirilen atom energiýasyny edinmek hukugyna ABŞ-nyň hormat goýýandygyny Obama aýtdy. Ýöne Eýran ýadro ýaragyna eýe bolan ýagdaýynda onuň “Ysraýyly ýok etmek howpuny, şeýle hem Pars aýlagynyň töweregindäki ýurtlaryň howpsuzlygyna we dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyna howp abandyrjakdygyny” Obama belledi.
XS
SM
MD
LG