Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň täze prezidenti BMG-de ilkinji gezek çykyş etdi


Müsüriň täze yslamçy prezidenti Muhammad Morsi BMG-de ilkinji çykyşyny etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynda giňişleýin eden bu çykyşynda Morsi Siriýadaky konflikte “asyryň tragediýasy” diýip baha berdi we onuň bes edilmelidigini nygtady.

Şeýle hem Morsi palestinalylaryň geljekde özbaşdak döwlet gurmakçy bolýan territoriýasyna aralaşmakda Ysraýyly ýazgardy. Ol Ysraýyl bilen parahatçylyk şertnamasynyň bolup-bolmazlygyna garamazdan Palestinanyň BMG-da agza edilmegini talap etdi.

Morsi Myhammet pygambere dil ýetirýän internetde ýaýradylan amerikan wideo filmini hem ýazgaryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG