Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda mejlisiň agzasy parahorlukda aýyplanýar


Azerbaýjanyň baş prokuraturasy deputat Gular Ahmedowanyň garşysyna bildirilýan aýyplama boýunça derňew işini geçirýär.

Gular Ahmedowa parlamentde deputatlyk wezipesini alyp bermek üçin bilim işgäri Elşad Abdullaýewden para soranlykda aýyplanýar.

YouTube saýtynda sişenbe güni ýerleşdirilen wideoda Ahmedowanyň deputatlyk wezipesi üçin Abdullaýewden $1.3 million para soraýan pursaty görkezilýär.
Ahmedowa wideonyň ýörite taýýarlanyp gurnalandygyny we özi bilen Abdullaýewiň 2002-nji ýyldan bäri sudlaşmaga çemeleşip gelýändugini aýdýar.

Azerbaýjanyň prezident administrasiýasynyň resmisi Ali Hasanow bu wideonyň korrupsiýa boýunça derňew işini açmaga esas berýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde ol “Elşad Abdullaýew ýaly abraýyny ýitiren adamlaryň korrupsiýa metodlaryny ulanyp wezipe eýelemek isleýändiklerini” aýtdy.

2010-njy ýylda Bilim ministrligi Abdullaýewiň para alýandygy baradaky aýyplamalar sebäpli onuň rektorlyk eden Azerbaýjanyň Halkara uniwersitetini ýapdy.
XS
SM
MD
LG