Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: serhetden bikanun geçen ýedi adam tussag edildi


Gazagystanyň howpsuzlyk komitetiniň resmileri bikanun serhetden geçen ýedi sany orsýetli raýaty tussag etdi.

Kaspi deňzinde wertolýotly gözegçilik edýän Gazagystanyň serhet gullugynyň serhetden geçen gämileri saklamak boýunça geçiren operasiýasynda orsýetli raýatlaryň ikisi ýaralandy.

Gazak serhet gullugynyň aýtmagyna görä, serhetçiler gaçmaga gönügen gämilere garşy ot açmaga mejbur bolupdyr.

Ýaralanan iki sany Orsýetiň raýaty Gazagystanyň keselhanasynada ýerleşdirildi. Ýöne olaryň janyna howp abanmaýandygy habar berilýär.
Serhedi bozanlaryň garşysyna jenaýat işini açmak barada meselä garalýandygy aýdylýar, ýöne bu barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG