Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymda hüzlerçe adam yslama garşy filme protest bildirýär


Penşenbe güni Ukrainanyň Krym awtonom respublikasynyň paýtagty Simferopolda ýüzlerçe adam Amerikada döredilen Muhammet pygambere dil ýetirýän filme protest bildirip ýörüş geçirdiler.

Esasan Krym tatarlaryndan bolan protestçiler “Amerika, Muhammet päkdir, Siziň göwnüňize degildi!” diýen şygarlar bilen ýörüş etdiler.

Şeýle protest ýürüşleri çarşenbe güni Tatarystanyň paýtagty Kazanda hem geçirildi.

Hususy topar tarapyndan döredilen “Musulmanlaryň bigünäligi” diýlip atlandyrylan bu film ýaýradylandan soň, musulman dünýäsinde şu aýyň dowamynda protestler möwç aldy. Şol protestleriň käbirinde adam ýitgisi hem boldy.
XS
SM
MD
LG