Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmadinejadly wideo üns merkezinde


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad
Prezident Mahmud Ahmadinejadyň ýurduň deputatlaryny paýyş sözler bilen masgaralandygy hakdaky maglumat Tähranyň berk garşylyk görkezmegine sebäp boldy. Şol bir wagtda-da gürrüňi gidýän wideoýazgynyň gelip çykyşy-da belli bir soraglary döretdi.

Wideoýazgyda BBC-niň Pars gullugynyň habarçysy Bahman Kalbasiniň Ahmadinejada BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna gelen Eýranyň delegasiýasy barada sorag beren pursady ýerleşdirilipdir.

Nýu-Ýorkdaky sessiýa 160 sany eýran deputatynyň ugradylmagynyň ýerlikliligi barada sorag berlende, wideoýazgyda Ahmadinejadyň “Olaryň bary bir poh” diýen sözlerini eşitmek bolýar.

Ýazgy internetde ýaýrandan soň, ony tomaşa edenleriň sany juda artdy.

Ýarym resmi “Fars” habar agentliginiň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda prezidentiň edarasy Ahmadinejadyň bu sözleri aýdandygyny “berk” bir görnüşde iňkär edip, bu wideoýazgyny “bolgusyz” diýip atlandyrdy.

Dünýäniň sosial ulgamlarynda hem wideonyň hakykylygy boýunça köp gürrüňler edildi.

Wideony görenleriň arasynda Ahmadinejadyň sözleri boýunça gyzgalaňly jedeller peýda boldy. Käbirleri Ahmadinejadyň sözleriniň üstünden başga sesiň goýberilendigini öňe sürseler, käbirleri parsçadaky “goh khordan” sözüniň berýän manysy barada çekeleşdiler.

Söhbetdeşligi geçiren BBC-niň habarçysy Kalbasi hem bu ýagdaýlardan soň çykyş edip, Ahmadinejadyň, oňa ýöňkelýän sözleri aýtmandygyny nygtady.

Eýranyň parlamentiniň başlygy Ali Larijani çarşenbe güni beýanat bilen çykyş edip, bu wakalaryň ählisiniň galpdygyny belledi. Ali Larijaniniň sözleri “Ilna” habar agentliginde çap edildi, şonda ol “Meniň pikirimçe, ol bu zatlary aýdan däldir. Biz bu duzaga düşmeli däldiris” diýdi.

Internet äleminde hem Ahmadinejadyň sözleri uly gyzyklanma bilen maslahat edildi. Käbirleri prezidentiň üstünden düşüp, teswir ýazdylar. Paýman Beigi özüniň Facebook sosial ulgamyndaky hasabynda “pohy iýen Eýranyň prezidentiniň özi boldy” diýen ýazgyny galdyrdy. Şeýle-de Şahrom Segarçi özüniň Facebook hasabynda “deputatlar däl, prezidentiň özi bir pohdur” diýip, ýazgy ýerleşdiripdir.

Käbirleri prezidentiň tarapyny tutup çykyş etdiler.

Marýam Gudarzi özüniň Facebook hasabynda prezidenti gorap, BBC-ni tankytlady. “Olar 70 million eýranlynyň ýüzüne ýalan sözläp biljeklerini pikirlenýärlermi?” diýip, Gudarzi pikirini beýan edipdir.
XS
SM
MD
LG