Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: VII halkara kitap sergisi öz işini tamamlady


Bu sergide ozal halka elýeterli bolmadyk kitaplar hem görkezildi.
Bu sergide ozal halka elýeterli bolmadyk kitaplar hem görkezildi.
Çarşenbe güni Aşgabadyň Sergi köşgünde “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly VII halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady.

Neşir önümleriniň bu ýylky sergisiniň esasy aýratynlyklarynyň biri sergide goýlan kitaplaryň köpüsiniň sergä gelen tomaşaçylara satylmagy boldy.

Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň işgäriniň aýtmagyna görä, mundan öňki sergä getirilen daşary ýurt kitaplarynyň ählisi diýen ýaly sergiden soň ýurduň kitaphanalaryna paýlanyp berilýärdi.

Ozal elýeterli bolmadyk kitaplar

Bu sergi ýarmarkasynda satylan kitaplaryň arasynda Ýusup Haýydowyň “Umman ata” we Amanmyrat Bugaýewiň “Göwnüm seni” atly kitaplarynyň hersinden bir ekzemplýar bar eken. Bu kitaplar Türkmenistanda köp wagtdan bäri halk köpçüligine elýeterli bolmandy.

Şeýle-de bu sergide geçen asyryň başlarynda Türkmenistanda çap edilen kitaplaryň aýratyn sergisiniň ekspozisiýasy we bu ekspozisiýanyň golaýynda bolsa geçen asyryň 60-njy ýyllarynda neşir edilen agitasion plakatlaryň sergisi ýerleşdirilipdir.

Bu iki ekspozisiýa Türkmenistanda neşirýat işiniň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Täze sözlügiň buşlugy

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň “Ylym” neşirýatynyň ekspozisiýasynda 1962-nji ýylda çap edilen “Türkmen diliniň sözlüginiň” esasynda taýynlanan täze düşündirişli sözlügiň signal ekzemplýary hem sergide goýlupdyr.

Aýdylşyna görä, bu sözlük indiki ýyl üç tomluk bolup çapdan çykmaly. Şeýle-de bu sözlügiň elektron görnüşi hem neşir ediler.

Gazagystan myhman bolup geldi

Üç gün dowam eden sergide daşary ýurt neşirýatlarynyň kitaplary öňki geçirilen sergilerdäki kitaplar bilen deňeşdireniňde azdy. Bu sergide gazagystanly neşirýatlaryň ekspozisiýalary agdyklyk edýän ýaly göründi.

Sergi zalynyň oratarasynda bolsa Gazagystana degişli ýörite uly ekspozisiýa gurnalyp, onda Gazagystanyň bu serginiň hormatly myhmanydygy barada ýazgy ýazylypdyr.

Aşgabatly medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, bu halkara kitap sergisiniň ilkinji ýyllarynda sergi-ýarmarkada daşary ýurtlarda çap edilen kitaplar has köp eken.

Türkmen neşirýatlarynyň önümleri

Prezident G.Berdimuhamedowyň kakasy baradaky kitap.
Prezident G.Berdimuhamedowyň kakasy baradaky kitap.
Şeýle-de, sergide türkmen neşirýatlarynyň ekspozisiýalarynyň agdyklyk edýändigine garamazdan, olaryň eksponirleýän, ýagny görkezýän neşirýat önümleriniň azlygy hem-de birmeňzeşligi göze ilýärdi.

Döwlete degişli türkmen neşirýatlarynyň bu sergide görkezen kitaplary çagalar üçin erteki kitaplaryndan, okuw jaýlary üçin okuw kitaplaryndan hem-de az sanly edebi-çeper kitaplardan ybarat.

Sergide Türkmenistanyň prezidentiniň kitaplary hem-de onuň özi we kakasy baradaky kitaplar aýratyn bezelip görkezilipdir.

Hususy türkmen çaphanalarynyň poligrafik önümleriniň ekspozisiýasy hem aýratyn bellenmäge mynasyp. Olaryň öndürýän önümleriniň hili bu sergide görkezilen daşary ýurt neşirýatlarynyňkydan pes däl. Emma türkmen hususy çaphanalarynyň neşir eden kitaplaryna duş gelmedim.

26 ýurtdan 150-ä golaý neşirýat

2005-nji ýyldan bäri geçirilýän halkara foruma şu ýyl, resmi maglumatlara görä, 26 ýurtdan 150-ä golaý neşirýat öýleri, kompaniýalary we firmalary gatnaşdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Orsýetiň, Ukrainanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň neşirýatlary we poligrafistleri, ýagny çapçylary öz öndürýän önümlerini bu sergide görkezdiler.
XS
SM
MD
LG